Jemgyýet

Gysga habarlar

Garaşsyzlygyň waspy
sungat eserlerinde

Garaşsyzlygyň waspy sungat eserlerinde

21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň belli suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, ussat zergärleriniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarydyr talyplarynyň baýramçylyk sergisi açyldy. «Arkadag Serdarly Watanyň şöhraty — Garaşsyzlyk!» atly sergide şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň Garaşsyzlygymyza bagyşlanyp döredilen eserleri görkezildi.

Görkezilen eserlerde şöhratly taryhymyz, milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz, bedew batly Watanymyzyň ösüşiniň her bir güni, ak şäherimiziň gözelligi täze öwüşgin bilen täze çeperçilik serişdelerinde giňden beýan edilipdir.

Arslan Orazmyradow, Begenç Annadurdyýew, Döwlet Muhtarow, Ogultäç Çarygulyýewa, Dünýä Pirmämmedowa ýaly ýaş suratkeşleriň eserleri sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherine bagyşlanyp, dünýäniň iň täze we geljegi uly şähergurluşyk hem-de inženerçilik-tehniki çözgütlerini özünde jemleýän pikiriň waspy ýetirilipdir.

Sergide tomaşaçylara hödürlenen, Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuny dabaraly ýagdaýda belleýän eziz Diýarymyzyň şöhratly taryhyna, Arkadag şäherine, milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza bagyşlanan eserleriň her biri kalbyňda egsilmez buýsanç duýgusyny döredýär.

Meýlis SADYKOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary

institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde ministrligiň ilkinji demokratik partiýa guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň müdirliginiň, Polisiýanyň Ýol gözegçiligi müdirliginiň guramagynda zähmet düzgün-tertibini berkitmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji demokratik partiýa guramasynyň başlygy G.Rejepow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly wezipeleri, ykdysady özgertmeleri, ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirmek, agzybirligimizi, jebisligimizi, asudalygymyzy berkitmek barada giňişleýin gürrüň berdi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji Demokratik Partiýa guramasy hem hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek üçin tassyklanan meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti, şeýle-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarda düzgün-tertibi berkitmek, dükanlarda we bazarlarda söwda kadalarynyň berjaý edilişine, ilata söwda hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek barada söwda kärhanalarynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýär diýip belläp geçdi.

Soňra Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory B.Berkeliýew Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň neşe serişdeleriniň we seri dumanladyjy maddalaryň garşysyna gutarnykly göreş alyp barmak barada tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda häli-şindi wagyz-nesihat işleriniň geçirilýändigini nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçiligi müdirliginiň bölüminiň wekili, polisiýanyň maýory J.Pygyýew çykyş etdi. Ol: «Ýol hereketiniň howpsuzlygy barada» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, ýurdumyzda ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, agyr ýol-ulag hadysalarynda bolýan heläkçilikleriň öňüni almak we olary düýpli azaltmak üçin ýol ulagyny hereketlendirýän wagtymyzda, pyýada hereket edýän wagtymyzda ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmelidiris, ýol hereketine gatnaşyjylaryň serhoş ýagdaýynda awtoulaglary dolandyrmaklary, pyýadalaryň niýetlenilmedik ýerlerden geçmekligi ýol hadysasynyň heläkçilikli ýagdaýlaryna getirýär» diýip belläp geçdi.

Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça 2023-nji ýylyň 1 – 30-njy sentýabry aralygynda meýilnama laýyklykda birnäçe çäreler geçirilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň kararlary esasynda düzgün bozmalara garşy dürli jerimeler we çäklendirmeler güýçlendirildi. Biz muňa garamazdan, hemmämiz bilelikde ýol hereketiniň howpsuzlygyna öz goşandymyzy goşmalydyrys diýip, ýerlikli belledi.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda düzgün tertibi berkitmek barada wideo şekil (rolik) görkezildi. Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Şeýle duşuşyklar Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky beýleki edara-kärhanalarda hem geçirildi.

Roza RAHYMOWA,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň

Aşgabat şäher komitetiniň jogapkär işgäri.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

«Söwda we döwrebap hyzmatyň» ýeňijileri sylaglanyldy

Ýakynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli ýaş hünärmenleriň arasynda geçirilen «Söwda we döwrebap hyzmat» atly bäsleşiginiň jemleri jemlenildi.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny has-da dabaralandyrmak, milli ykdysadyýetimiziň söwda we telekeçilik ulgamynda gazanylýan üstünliklerini giňden wagyz etmek maksady bilen yglan edilen «Söwda we döwrebap hyzmat» atly bäsleşige milli ykdysadyýetimiziň söwda we telekeçilik ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň 51-si gatnaşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagy, öz işine ussat hünärmenler bolup ýetişmegi, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlarymyzy, ynsanperwer ýörelgelerimizi, maşgala gymmatlyklarymyzy mynasyp dowam etdirmegi üçin uly şert-mümkinçilikler döredilýär. «Söwda we döwrebap hyzmat» atly bäsleşigiň maksady hem söwda we telekeçilik ulgamynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän ýaş, gujurly, öz işine ökde hünärmenleri ýüze çykarmakdan we olary asylly işlerine has-da ruhlandyrmakdan ybaratdyr.

Bäsleşige gatnaşyjylar harytlaryň ýerleşdirilişi, kabul edilişi, müşderi bilen gatnaşyk, myhmanlara hyzmat etmek medeniýeti, onlaýn hyzmat bilen bagly ýörite taýýarlanylan soraglara jogap bermek arkaly özara bäsleşdiler. Her soraga jogap bermek üçin 1 minut wagt kesgitlenildi.

Öz zähmet çekýän ugurlary boýunça ýeterlik bilimi hem-de tejribesi bolan söwda we telekeçilik ulgamlarynyň hünärmenleriniň arasynda guralan bu bäsleşik juda çekeleşikli hem-de gyzykly geçdi. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, ýörite düzülen eminler toparynyň gelen netijesi esasynda dükanlarda we bazarlarda; toý-dabaralarda; internet dükanlarda (eltip bermek hyzmaty bilen) döwrebap hyzmat ýaly 3 ugur boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Has takygy, her ugur boýunça 1 sany 1-nji orun, 1 sany 2-nji orun, 1 sany 3-nji orun yglan edilip, ýaş hünärmenleriň jemi 9 sanysy baýrakly orunlara mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Söwda toplumynyň binasynda geçirilen sylaglamak dabarasynda ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar, şeýle-de tapawutlananlara höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

Gurbanmämmet REJEPOW,

                                                                                      Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji demokratik partiýa guramasynyň başlygy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

top news

«Amazon» kompaniýasy...

Garaşsyzlygyň waspy ...

Söwda we daşary ykdy...

«Söwda we döwrebap h...

«Päk zähmetiň zamana...

Advertisement

Soňky habarlar

Sentýabr 25, 2023

«Amazon» kompaniýasy emeli intellekti ösdürmek üçin 4 milliard dollar maýa goýum goýar

Soňky ýyllarda bütindünýäde giň gerime eýe bolýan emeli intellektiň tehnologiýalaryny ösdürmek üçin ummasyz maýa goýumlar goýulýar. Dünýäniň iri kompaniýalary ösen döwrüň talaplaryna laýyklykda, hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, emeli intellektden netijeli peýdalanmagyň ýollaryny gözleýärler. Şolaryň hatarynda «Amazon» kompaniýasy hem emeli intellekt pudagynda kuwwatyny artdyrmak hem-de akylly çözgütlere esaslanýan tehnologiýalaryny ösdürmek maksady bilen, 4 milliard dollar maýa goýmagy maksat edinýär. Hut şu maksat bilen kompaniýa emeli intellekt hyzmatlaryna ýöriteleşen «Anthropic» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder. Bu bolsa bellibir babatda dünýäniň iri kompaniýalarynyň arasynda ýüze çykýan bäsdeşligiň barha ýokarlanýandygynyň güwäsidir.

Şertnama laýyklykda, kompaniýa emeli intellektiň çözgütlerini döretmek hem-de durmuşa geçirmek üçin adaty çipleri ulanmagy meýilleşdirýär. Maglumatda bellenilişi ýaly, «Amazon»-yň başlangyç maýa goýumlary 1,25 milliard amerikan dollaryna deň bolar. Soňra bolsa bu görkeziji 4 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlanyp biler.

Yslamberdi TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

Sentýabr 25, 2023

Garaşsyzlygyň waspy sungat eserlerinde

21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň belli suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, ussat zergärleriniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarydyr talyplarynyň baýramçylyk sergisi açyldy. «Arkadag Serdarly Watanyň şöhraty — Garaşsyzlyk!» atly sergide şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň Garaşsyzlygymyza bagyşlanyp döredilen eserleri görkezildi.

Görkezilen eserlerde şöhratly taryhymyz, milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz, bedew batly Watanymyzyň ösüşiniň her bir güni, ak şäherimiziň gözelligi täze öwüşgin bilen täze çeperçilik serişdelerinde giňden beýan edilipdir.

Arslan Orazmyradow, Begenç Annadurdyýew, Döwlet Muhtarow, Ogultäç Çarygulyýewa, Dünýä Pirmämmedowa ýaly ýaş suratkeşleriň eserleri sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherine bagyşlanyp, dünýäniň iň täze we geljegi uly şähergurluşyk hem-de inženerçilik-tehniki çözgütlerini özünde jemleýän pikiriň waspy ýetirilipdir.

Sergide tomaşaçylara hödürlenen, Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuny dabaraly ýagdaýda belleýän eziz Diýarymyzyň şöhratly taryhyna, Arkadag şäherine, milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza bagyşlanan eserleriň her biri kalbyňda egsilmez buýsanç duýgusyny döredýär.

Meýlis SADYKOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary

institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Sentýabr 25, 2023

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde ministrligiň ilkinji demokratik partiýa guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň müdirliginiň, Polisiýanyň Ýol gözegçiligi müdirliginiň guramagynda zähmet düzgün-tertibini berkitmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji demokratik partiýa guramasynyň başlygy G.Rejepow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly wezipeleri, ykdysady özgertmeleri, ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirmek, agzybirligimizi, jebisligimizi, asudalygymyzy berkitmek barada giňişleýin gürrüň berdi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji Demokratik Partiýa guramasy hem hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek üçin tassyklanan meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti, şeýle-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarda düzgün-tertibi berkitmek, dükanlarda we bazarlarda söwda kadalarynyň berjaý edilişine, ilata söwda hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek barada söwda kärhanalarynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýär diýip belläp geçdi.

Soňra Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory B.Berkeliýew Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň neşe serişdeleriniň we seri dumanladyjy maddalaryň garşysyna gutarnykly göreş alyp barmak barada tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda häli-şindi wagyz-nesihat işleriniň geçirilýändigini nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçiligi müdirliginiň bölüminiň wekili, polisiýanyň maýory J.Pygyýew çykyş etdi. Ol: «Ýol hereketiniň howpsuzlygy barada» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, ýurdumyzda ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, agyr ýol-ulag hadysalarynda bolýan heläkçilikleriň öňüni almak we olary düýpli azaltmak üçin ýol ulagyny hereketlendirýän wagtymyzda, pyýada hereket edýän wagtymyzda ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmelidiris, ýol hereketine gatnaşyjylaryň serhoş ýagdaýynda awtoulaglary dolandyrmaklary, pyýadalaryň niýetlenilmedik ýerlerden geçmekligi ýol hadysasynyň heläkçilikli ýagdaýlaryna getirýär» diýip belläp geçdi.

Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça 2023-nji ýylyň 1 – 30-njy sentýabry aralygynda meýilnama laýyklykda birnäçe çäreler geçirilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň kararlary esasynda düzgün bozmalara garşy dürli jerimeler we çäklendirmeler güýçlendirildi. Biz muňa garamazdan, hemmämiz bilelikde ýol hereketiniň howpsuzlygyna öz goşandymyzy goşmalydyrys diýip, ýerlikli belledi.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda düzgün tertibi berkitmek barada wideo şekil (rolik) görkezildi. Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Şeýle duşuşyklar Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky beýleki edara-kärhanalarda hem geçirildi.

Roza RAHYMOWA,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň

Aşgabat şäher komitetiniň jogapkär işgäri.

Sentýabr 25, 2023

«Söwda we döwrebap hyzmatyň» ýeňijileri sylaglanyldy

Ýakynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli ýaş hünärmenleriň arasynda geçirilen «Söwda we döwrebap hyzmat» atly bäsleşiginiň jemleri jemlenildi.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny has-da dabaralandyrmak, milli ykdysadyýetimiziň söwda we telekeçilik ulgamynda gazanylýan üstünliklerini giňden wagyz etmek maksady bilen yglan edilen «Söwda we döwrebap hyzmat» atly bäsleşige milli ykdysadyýetimiziň söwda we telekeçilik ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň 51-si gatnaşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagy, öz işine ussat hünärmenler bolup ýetişmegi, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlarymyzy, ynsanperwer ýörelgelerimizi, maşgala gymmatlyklarymyzy mynasyp dowam etdirmegi üçin uly şert-mümkinçilikler döredilýär. «Söwda we döwrebap hyzmat» atly bäsleşigiň maksady hem söwda we telekeçilik ulgamynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän ýaş, gujurly, öz işine ökde hünärmenleri ýüze çykarmakdan we olary asylly işlerine has-da ruhlandyrmakdan ybaratdyr.

Bäsleşige gatnaşyjylar harytlaryň ýerleşdirilişi, kabul edilişi, müşderi bilen gatnaşyk, myhmanlara hyzmat etmek medeniýeti, onlaýn hyzmat bilen bagly ýörite taýýarlanylan soraglara jogap bermek arkaly özara bäsleşdiler. Her soraga jogap bermek üçin 1 minut wagt kesgitlenildi.

Öz zähmet çekýän ugurlary boýunça ýeterlik bilimi hem-de tejribesi bolan söwda we telekeçilik ulgamlarynyň hünärmenleriniň arasynda guralan bu bäsleşik juda çekeleşikli hem-de gyzykly geçdi. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, ýörite düzülen eminler toparynyň gelen netijesi esasynda dükanlarda we bazarlarda; toý-dabaralarda; internet dükanlarda (eltip bermek hyzmaty bilen) döwrebap hyzmat ýaly 3 ugur boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Has takygy, her ugur boýunça 1 sany 1-nji orun, 1 sany 2-nji orun, 1 sany 3-nji orun yglan edilip, ýaş hünärmenleriň jemi 9 sanysy baýrakly orunlara mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Söwda toplumynyň binasynda geçirilen sylaglamak dabarasynda ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar, şeýle-de tapawutlananlara höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

Gurbanmämmet REJEPOW,

                                                                                      Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji demokratik partiýa guramasynyň başlygy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

Sentýabr 25, 2023

«Päk zähmetiň zamanasy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi

22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Päk zähmetiň zamanasy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Türkmen halkynyň gadymdan gelen milli lybaslarynyň, sungat esbaplarynyň, dürli gymmatlyklarynyň sergisi bu ýere gelenlerde has-da üýtgeşik täsirleri oýardy. Döredijilik bäsleşigine özüniň iň gowy makalalaryny, söwda we telekeçilik ulgamynda uzak ýyllaryň dowamynda taplanan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak ugrunda irginsiz zähmet çeken halypalar bilen guralan söhbetdeşlikleri ýollan awtorlaryň özleriniň-de aýratyn tapawutlanýan zehin önümleri «Päk zähmetiň zamanasynda» ýokary baha mynasyp boldy. Ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary bu bäsleşige özleriniň mynasyp eserleri bilen işjeň gatnaşdylar.

«Halal zähmet — baky döwlet» diýlişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe yhlasly işläp, maňlaý deriňi saçsaň, çeken halal zähmetiň gadyry bilinýär. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Päk zähmetiň zamanasy» atly döredijilik bäsleşiginde hem ýurdumyzyň söwda we telekeçilik ulgamynda yhlasy bilen päk zähmetiniň hözirini görüp ýaşaýan, döredýän hem-de Watanymyzda bolelin, bagtyýar durmuşyň binýadyny berkitmäge öz mynasyp goşandyny goşýan, halallygyň hem zähmetsöýerligiň nusgasy hasaplanýan türkmen işewürleriniň zähmet üstünliklerini dabaralandyrmak we olaryň nusgalyk zähmetini halkymyza ýetirmek göz öňüne tutuldy.

Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy utgaşdyrylan dabaranyň barşynda çykyş edenler bäsleşigiň ýeňijilerini üstünlikleri bilen gutladylar hem-de halkymyza ajaýyp döwrany bagyş eden, söwdada we telekeçilikde giň mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny has-da dabaralandyrmak, milli ykdysadyýetimiziň söwda we telekeçilik ulgamynda gazanan üstünliklerini beýan etmek maksady bilen geçirilen «Päk zähmetiň zamanasy» atly döredijilik bäsleşiginde makalalar hem-de hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek barada beren tabşyryklaryna eýerip, söwda we telekeçilik ulgamynda uzak ýyllap zähmet çeken tejribeli halypalar bilen söhbetdeşlik taýýarlamak boýunça ýeňiji bolan ildeşlerimize Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Maksat JUMAÝEW,

Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň

işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.

Advertisement

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000