Oba hojalyk
«Mahmal» haryt nyşanly bananlar bazarlara ýetirildi

Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän mukdaryny we görnüşlerini artdyrmakda, azyk bolçulygyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda hem-de täze kärhanalary, goşmaça iş orunlaryny döretmekde, sanly ulgamy ähli toplumlar bilen bilelikde oba hojalygyna ornaşdyrmakda ýurdumyzyň döwlete dahylly bolmadyk pudagyna möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek boýunça başyny başlan taslamalary hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlary esasynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyza getirilýän import harytlaryň möçberini tapgyrlaýyn esasda azaltmak boýunça wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, hususy işewürler tarapyndan oba hojalygy pudagynda-da netijeli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýdarlary tarapyndan dünýäniň iň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly alnyp barylýan işler hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly hem-de netijeli ösdürmek, hususy başlangyçlary höweslendirmek maksady bilen, ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda telekeçilik üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredilýär. Şunuň netijesinde hususyýetçi daýhanlar keremli türkmen topragymyza yhlas siňdirip, rysgal-bereket tapýarlar. Bu hakykata Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýdarlary tarapyndan gazanylýan üstünlikler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Hususyýetçi daýhanlar etrabyň çäginden bölünip berlen müňlerçe gektar meýdanda badam, pisse, alma, armyt, hurma, garaly, şetdaly ýaly miweli baglary hem-de käşir, sogan, ýeralma ýaly gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýärler.

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň düzümine «Gök bulut», «Hemsaýa», «Miweli atyz», «Datly miwe» hojalyk jemgyýetleri girýär. Paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlarynda we ýyladyşhanalarynda ulanylýan innowasion usullar hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny durnukly ösdürmek hem-de azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni we bu ugurda ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýänliginiň anyk mysalydyr.

Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň goldaw-hemaýatlarynyň esasynda «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýyladyşhana toplumy gurlup, innowasion enjamlar bilen üpjün edildi. Umumy meýdany 5 gektara barabar bolan döwrebap ýyladyşhanasyna banan ekilip, bu miwe ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ösdürip ýetişdirildi. Ylmy taýdan çemeleşmeleriň hem-de tutanýerli zähmetiň netijesinde bu ugurda uly üstünlik gazanyldy. Şunlukda, baş baýramymyzyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň banan we sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen döwrebap ýyladyşhanasynda hasylyň ilkinji tapgyry ýygnalyp, «Mahmal» haryt nyşany bilen ýurdumyzyň bazarlaryna çykaryldy.

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda bananyň Ekwador döwletinde ösýän «Kawendiş» maşgalasyna degişli «Grand naýn», «Uzyn wilýams» hem-de «Gysga wilýams» görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Boýy 9 metre barabar bolan ýyladyşhanada innowasion suwaryş we iýmitlendiriş ulgamlary hereket edip, ähli işler awtomatlaşdyrylan görnüşde alnyp barylýar. «Akylly» howa sazlaýjy ulgam ýyladyşhananyň içindäki we daşyndaky howanyň gyzgynlyk derejesini ölçäp, zerur bolan howa temperaturasyny saklamaga kömek edýär.

Banan ösdürip ýetişdirmek üçin, ilki bilen, ýyladyşhanada şitiller oturdylýar. Olar 9 aýyň dowamynda boý alyp gülleýär. Ýene 3 aýdan bolsa hasyl ýetişýär. Bananyň her düýbüniň ýanyndan täze şahalaryň ösüp çykmagy ondan üznüksiz hasyl almaga mümkinçilik berýär. Banan saglyk üçin örän peýdaly nygmatdyr. Onuň düzüminde B1, B2 we B6, şeýle hem C topara degişli ýokumlar, demir, kalsiý, kaliý, ftor, fosfor, kremniý ýaly peýdaly maddalar saklanýar. Şoňa görä-de, banan damarlaryň diwarlaryny berkidýär, nerw ulgamyna, iýmit siňdiriş we ýürek-damar ulgamlaryna oňyn täsir edýär.

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda bananyň ösüp ýetişmegi üçin howanyň çyglylygy 90 göterim, ýylylygy bolsa 25 — 35 derejede saklanýar. Gün şöhleleriniň düşüşini sazlamak üçin bolsa, ýörite örtükler peýdalanylýar. Bu ýerde hasyly ösdürip ýetişdirmekde diňe ekologiýa taýdan arassa, organiki dökünler peýdalanylýar. Banan hasyly ýygnalanda, ýyladyşhanada ýörite awtomatlaşdyrylan önümçilik tapgyry gurnalýar. Şahadan heniz göklügine kesilip alnan miweler ilki artykmaç böleklerden arassalanýar, soňra arassa suwda ýuwulýar. Şondan soň terezide agramy çekilip, ýörite gaba gaplanylyp, sowadyjy ammarda gerekli şertlerde saklanýar.

Energiýa we suw serişdeleriniň peýdalanylmagynda amatly şertleriň üpjün edilmegi hem-de güneşli ülkämiziň toprak-howa şertleri banandan ýylyň dowamynda iki gezek hasyl almaga mümkinçilik berýär. Işler talabalaýyk ýola goýlanda, 1 gektar meýdandan 130 tonna töweregi hasyl almak bolýar. Ilkinji ýylda her düýpden 35-40 kilograma barabar hasyl almagy başaran hususyýetçi daýhanlar geljekde bu netijäni has-da ýokarlandyrmagy maksat edinýärler.

Bu üstünlikden ruhlanan «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýdarlary ýyladyşhanalar toplumynyň gerimini has-da giňeltmegi meýilleşdirýärler. Täze ýyladyşhanalarda ozalky toplanan tejribeleri nazara almak bilen, banan, mango, awokado we beýleki sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça işgeçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi kemala getirmek, täze iş orunlaryny döretmek, haryt eksportynda dünýäniň ösen tejribesini özleşdirmek arkaly gymmatly önümler bilen diňe bir içerki bazary üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlara eksporty hem ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden, goldaw-hemaýatlaryndan ruhlanýan «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň agzybir işgärleridir hünärmenleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek arkaly milli ykdysadyýetimiziň galkynyşyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmagy maksat edinýärler. Şeýle belent maksatdan ugur alyp, bu ýerde geljekde has-da giň gerimli işleriň durmuşa geçiriljekdigine ynandyrýarlar.

Çary ÇARYÝEW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».

9-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar.

Döwlet Baştutanymyz 31-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu möwsümi agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady hem-de ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, abadançylyk arzuw etdi.

Oba hojalyk ekinlerini suwarmaga, oba hojalyk toplumynyň tehniki binýadyny täzelemäge uly möçberde maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Şu maksatlar bilen, döwlet tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, oba hojalygyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga tarap ugur alyndy. Şunuň bilen bir hatarda, ylmy seçgiçilige, gowaçanyň tiz ýetişýän, ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýan etraplaşdyrylan täze sortlarynyň döredilmegine uly üns berilýär. Şu möwsümde tutuş ýurdumyz boýunça gowaça ekmäge 580 müň gektar ekin meýdany bölünip berildi. Şol ýerlerde şu ýylyň baharynda pagtanyň “Ýolöten — 7”, “Ýolöten — 39”, “Jeýhun”, “S-2606”, “Daşoguz — 120”, “Gubadag — 3”, “149-F”, “Ýolöten — 14” ýaly görnüşleri ekildi. “Ak altyny” ýygnap almakda, döwrebap pagta ýygýan kombaýnlar, çig maly daşamakda bolsa ýük awtoulaglary, traktorlar hem-de traktor tirkegleri ulanylar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, pagta ýygym möwsüminiň sazlaşykly işini yzygiderli üpjün etmek üçin ýerlerde ulanylýan tehnikalara gije-gündizleýin tehniki hyzmat işleri guraldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygmaga gatnaşýanlaryň öndürijilikli işlemekleri, doly derejeli dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredildi. Kabul ediş bölümleri we pagta arassalaýjy kärhanalar täze hasyly kabul etmäge taýýarlanyldy. Olaryň ýanynda ýerleşýän barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan önümiň hiliniň ýokary derejede barlanylmagyny üpjün ederler.

2023-nji ýylyň pagta ýygym möwsüminde Türkmenistanyň partiýalary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalary öňdebaryjy kärendeçileriň, mülkdarlaryň, ýer eýeleriniň, kombaýnçylaryň we sürüjileriň alyp barýan işlerini höweslendirerler.

Şu gün Ahal, Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynyň kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy zawodlaryna üsti “ak altyn” hasyly bilen doldurylan awtoulaglaryň hem-de tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi. Olar Döwlet baýdagy, halylar we şygarlar bilen bezelipdir.

Möwsümiň başlanmagy mynasybetli çärelere welaýatlaryň we etraplaryň häkimlikleriniň, daýhan birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Şu dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, obasenagat pudagynyň gaýtadan işlenen harytlarynyň, dokma senagaty önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Artistler, sazandalar we aýdymçylar, welaýatlaryň tans-folklor toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş edip, dabaralaryň baýramçylyk şowhunyny artdyrdylar. Bereketli pagta hasylyny ýetişdiren önümçiligiň öňdebaryjylaryna — iň oňat pagtaçy kärendeçilere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Diýarymyzda güýzlük bugdaý ekilşine badalga berildi

Düýn, 6-njy sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.

Döwlet Baştutanymyzyň 31-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, toprakdan bol hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmegiň uly ähmiýetini nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, ene toprakdan bol hasyl almagy tüýs ýürekden arzuw etdi.

Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, ekişe badalga berdiler. Olar göwnejaý taýýarlanylan topraga «Her bir dänäň müň bolsun!» diýen sözler bilen bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, soňra nobaty mehanizatorlara berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, ekerançylarymyz geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin niýetlenen oba hojalyk meýdanlaryny öz wagtynda sürüp we gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen girişdiler.

Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Halal zähmet uçguny» daýhan hojalygynda, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç», Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan», Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan», Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi. Maslahatlarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ak ekine ideg etmekde agrotehnikanyň usullaryny we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi ekerançylara strategik taýdan möhüm oba hojalyk ekininiň ekişini has amatly möhletlerde, ýokary hilli geçirmäge ýardam eder diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty ýazýar.

top news

Gowrulan kofeniň imp...

«Mahmal» haryt nyşan...

9-njy sentýabrda Tür...

Diýarymyzda güýzlük ...

Agaçlara EPlant datç...

Advertisement

Soňky habarlar

Sentýabr 25, 2023

Gowrulan kofeniň importy ýokarlanýar

Dünýäde iň meşhur içgileriň biri gowrulan kofedir. Ýer ýüzünde her gün millionlarça adam kofeiçýär. Hut şu sebäpden, dünýä bazarynda ýokary hilli gowrulan kofä bolan isleg artýar.

Gowrulan kofeni dünýäde iň köp import ediji ýurt Fransiýadyr. Ýurtda, esasan, Efiopiýanyň, Braziliýanyň we Kolumbiýanyň gowrulan kofesi import edilýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 1,7 milliard amerikan dollar görkezijisi bilen kofe importynda ikinji orunda durýar. Kofe içmek amerikalylaryň köpüsi üçin gündelik däbe öwrülendir. Bu ýagdaý ýurdy kofe importynda möhüm bazara öwürýär.

Kofeniň importynda Germaniýa üçünji orny eýeleýär. Kofe dükanlary bilen meşhur bolan Germaniýany kofe bilen üpjün edijiler Braziliýa, Wýetnam we Kolumbiýadyr.

Dünýäde gowrulan kofe importynda Kanada dördünji orunda durýar. Kanadalylar üçin esasy içgi bolan kofeniň klassyky we ajy görnüşlerine uly isleg bildirilýär.

Ýewropanyň kofe importynyň ýene bir merkezi NiderlandlarPatyşalygydyr. Gadymy kofeniň taryhy bolan ýurtda bu islegli önüm import edilip, daşarky bazarlara hem satylýar.

Agzalan ýurtlarda kofä bolan islegiň artmagy şol sebitlerdäki medeniýetiň bu içgä ýöriteleşmegi, kofeni yzygiderli içmek endikleriniň kämilleşmegi we ýokary hilli kofe önümleriniň ösmegi bilen baglanyşyklydyr.

Aýkäbe GULOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara

nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Sentýabr 25, 2023

«Mahmal» haryt nyşanly bananlar bazarlara ýetirildi

Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän mukdaryny we görnüşlerini artdyrmakda, azyk bolçulygyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda hem-de täze kärhanalary, goşmaça iş orunlaryny döretmekde, sanly ulgamy ähli toplumlar bilen bilelikde oba hojalygyna ornaşdyrmakda ýurdumyzyň döwlete dahylly bolmadyk pudagyna möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek boýunça başyny başlan taslamalary hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlary esasynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyza getirilýän import harytlaryň möçberini tapgyrlaýyn esasda azaltmak boýunça wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, hususy işewürler tarapyndan oba hojalygy pudagynda-da netijeli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýdarlary tarapyndan dünýäniň iň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly alnyp barylýan işler hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly hem-de netijeli ösdürmek, hususy başlangyçlary höweslendirmek maksady bilen, ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda telekeçilik üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredilýär. Şunuň netijesinde hususyýetçi daýhanlar keremli türkmen topragymyza yhlas siňdirip, rysgal-bereket tapýarlar. Bu hakykata Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýdarlary tarapyndan gazanylýan üstünlikler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Hususyýetçi daýhanlar etrabyň çäginden bölünip berlen müňlerçe gektar meýdanda badam, pisse, alma, armyt, hurma, garaly, şetdaly ýaly miweli baglary hem-de käşir, sogan, ýeralma ýaly gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýärler.

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň düzümine «Gök bulut», «Hemsaýa», «Miweli atyz», «Datly miwe» hojalyk jemgyýetleri girýär. Paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlarynda we ýyladyşhanalarynda ulanylýan innowasion usullar hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny durnukly ösdürmek hem-de azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni we bu ugurda ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýänliginiň anyk mysalydyr.

Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň goldaw-hemaýatlarynyň esasynda «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýyladyşhana toplumy gurlup, innowasion enjamlar bilen üpjün edildi. Umumy meýdany 5 gektara barabar bolan döwrebap ýyladyşhanasyna banan ekilip, bu miwe ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ösdürip ýetişdirildi. Ylmy taýdan çemeleşmeleriň hem-de tutanýerli zähmetiň netijesinde bu ugurda uly üstünlik gazanyldy. Şunlukda, baş baýramymyzyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň banan we sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen döwrebap ýyladyşhanasynda hasylyň ilkinji tapgyry ýygnalyp, «Mahmal» haryt nyşany bilen ýurdumyzyň bazarlaryna çykaryldy.

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda bananyň Ekwador döwletinde ösýän «Kawendiş» maşgalasyna degişli «Grand naýn», «Uzyn wilýams» hem-de «Gysga wilýams» görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Boýy 9 metre barabar bolan ýyladyşhanada innowasion suwaryş we iýmitlendiriş ulgamlary hereket edip, ähli işler awtomatlaşdyrylan görnüşde alnyp barylýar. «Akylly» howa sazlaýjy ulgam ýyladyşhananyň içindäki we daşyndaky howanyň gyzgynlyk derejesini ölçäp, zerur bolan howa temperaturasyny saklamaga kömek edýär.

Banan ösdürip ýetişdirmek üçin, ilki bilen, ýyladyşhanada şitiller oturdylýar. Olar 9 aýyň dowamynda boý alyp gülleýär. Ýene 3 aýdan bolsa hasyl ýetişýär. Bananyň her düýbüniň ýanyndan täze şahalaryň ösüp çykmagy ondan üznüksiz hasyl almaga mümkinçilik berýär. Banan saglyk üçin örän peýdaly nygmatdyr. Onuň düzüminde B1, B2 we B6, şeýle hem C topara degişli ýokumlar, demir, kalsiý, kaliý, ftor, fosfor, kremniý ýaly peýdaly maddalar saklanýar. Şoňa görä-de, banan damarlaryň diwarlaryny berkidýär, nerw ulgamyna, iýmit siňdiriş we ýürek-damar ulgamlaryna oňyn täsir edýär.

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda bananyň ösüp ýetişmegi üçin howanyň çyglylygy 90 göterim, ýylylygy bolsa 25 — 35 derejede saklanýar. Gün şöhleleriniň düşüşini sazlamak üçin bolsa, ýörite örtükler peýdalanylýar. Bu ýerde hasyly ösdürip ýetişdirmekde diňe ekologiýa taýdan arassa, organiki dökünler peýdalanylýar. Banan hasyly ýygnalanda, ýyladyşhanada ýörite awtomatlaşdyrylan önümçilik tapgyry gurnalýar. Şahadan heniz göklügine kesilip alnan miweler ilki artykmaç böleklerden arassalanýar, soňra arassa suwda ýuwulýar. Şondan soň terezide agramy çekilip, ýörite gaba gaplanylyp, sowadyjy ammarda gerekli şertlerde saklanýar.

Energiýa we suw serişdeleriniň peýdalanylmagynda amatly şertleriň üpjün edilmegi hem-de güneşli ülkämiziň toprak-howa şertleri banandan ýylyň dowamynda iki gezek hasyl almaga mümkinçilik berýär. Işler talabalaýyk ýola goýlanda, 1 gektar meýdandan 130 tonna töweregi hasyl almak bolýar. Ilkinji ýylda her düýpden 35-40 kilograma barabar hasyl almagy başaran hususyýetçi daýhanlar geljekde bu netijäni has-da ýokarlandyrmagy maksat edinýärler.

Bu üstünlikden ruhlanan «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýdarlary ýyladyşhanalar toplumynyň gerimini has-da giňeltmegi meýilleşdirýärler. Täze ýyladyşhanalarda ozalky toplanan tejribeleri nazara almak bilen, banan, mango, awokado we beýleki sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça işgeçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi kemala getirmek, täze iş orunlaryny döretmek, haryt eksportynda dünýäniň ösen tejribesini özleşdirmek arkaly gymmatly önümler bilen diňe bir içerki bazary üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlara eksporty hem ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden, goldaw-hemaýatlaryndan ruhlanýan «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň agzybir işgärleridir hünärmenleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek arkaly milli ykdysadyýetimiziň galkynyşyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmagy maksat edinýärler. Şeýle belent maksatdan ugur alyp, bu ýerde geljekde has-da giň gerimli işleriň durmuşa geçiriljekdigine ynandyrýarlar.

Çary ÇARYÝEW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».

Sentýabr 11, 2023

9-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar.

Döwlet Baştutanymyz 31-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu möwsümi agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady hem-de ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, abadançylyk arzuw etdi.

Oba hojalyk ekinlerini suwarmaga, oba hojalyk toplumynyň tehniki binýadyny täzelemäge uly möçberde maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Şu maksatlar bilen, döwlet tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, oba hojalygyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga tarap ugur alyndy. Şunuň bilen bir hatarda, ylmy seçgiçilige, gowaçanyň tiz ýetişýän, ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýan etraplaşdyrylan täze sortlarynyň döredilmegine uly üns berilýär. Şu möwsümde tutuş ýurdumyz boýunça gowaça ekmäge 580 müň gektar ekin meýdany bölünip berildi. Şol ýerlerde şu ýylyň baharynda pagtanyň “Ýolöten — 7”, “Ýolöten — 39”, “Jeýhun”, “S-2606”, “Daşoguz — 120”, “Gubadag — 3”, “149-F”, “Ýolöten — 14” ýaly görnüşleri ekildi. “Ak altyny” ýygnap almakda, döwrebap pagta ýygýan kombaýnlar, çig maly daşamakda bolsa ýük awtoulaglary, traktorlar hem-de traktor tirkegleri ulanylar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, pagta ýygym möwsüminiň sazlaşykly işini yzygiderli üpjün etmek üçin ýerlerde ulanylýan tehnikalara gije-gündizleýin tehniki hyzmat işleri guraldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygmaga gatnaşýanlaryň öndürijilikli işlemekleri, doly derejeli dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredildi. Kabul ediş bölümleri we pagta arassalaýjy kärhanalar täze hasyly kabul etmäge taýýarlanyldy. Olaryň ýanynda ýerleşýän barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan önümiň hiliniň ýokary derejede barlanylmagyny üpjün ederler.

2023-nji ýylyň pagta ýygym möwsüminde Türkmenistanyň partiýalary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalary öňdebaryjy kärendeçileriň, mülkdarlaryň, ýer eýeleriniň, kombaýnçylaryň we sürüjileriň alyp barýan işlerini höweslendirerler.

Şu gün Ahal, Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynyň kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy zawodlaryna üsti “ak altyn” hasyly bilen doldurylan awtoulaglaryň hem-de tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi. Olar Döwlet baýdagy, halylar we şygarlar bilen bezelipdir.

Möwsümiň başlanmagy mynasybetli çärelere welaýatlaryň we etraplaryň häkimlikleriniň, daýhan birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Şu dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, obasenagat pudagynyň gaýtadan işlenen harytlarynyň, dokma senagaty önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Artistler, sazandalar we aýdymçylar, welaýatlaryň tans-folklor toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş edip, dabaralaryň baýramçylyk şowhunyny artdyrdylar. Bereketli pagta hasylyny ýetişdiren önümçiligiň öňdebaryjylaryna — iň oňat pagtaçy kärendeçilere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Sentýabr 7, 2023

Diýarymyzda güýzlük bugdaý ekilşine badalga berildi

Düýn, 6-njy sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.

Döwlet Baştutanymyzyň 31-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, toprakdan bol hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmegiň uly ähmiýetini nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, ene toprakdan bol hasyl almagy tüýs ýürekden arzuw etdi.

Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, ekişe badalga berdiler. Olar göwnejaý taýýarlanylan topraga «Her bir dänäň müň bolsun!» diýen sözler bilen bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, soňra nobaty mehanizatorlara berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, ekerançylarymyz geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin niýetlenen oba hojalyk meýdanlaryny öz wagtynda sürüp we gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen girişdiler.

Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Halal zähmet uçguny» daýhan hojalygynda, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç», Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan», Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan», Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi. Maslahatlarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ak ekine ideg etmekde agrotehnikanyň usullaryny we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi ekerançylara strategik taýdan möhüm oba hojalyk ekininiň ekişini has amatly möhletlerde, ýokary hilli geçirmäge ýardam eder diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty ýazýar.

Sentýabr 6, 2023

Agaçlara EPlant datçikleri gözegçilik edýär

Agaçlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin datçikleri döredýän başlangyç EPlant kompaniýany esaslandyryjy Grem Haýn “Emeli intellekt agaçlar bilen aragatnaşyk saklamaga kömek edýär” diýýär.

“Emeli intellekt” (AI)-iň agaçlar bilen aragatnaşyk saklamagyna nähili kömek edýändigi, “EPlant”-yň geljegi barada we tehnologiýasyny ulanmagyň dürli ugurlary hakynda Grem Haýn «TechCrunch» saýtyna 2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda habar berdi.

EPlant datçikleri agaç sütünine ýa-da şahasyna birikdirýän we baglaryň temperaturasy, çyglylygy, fotosintez tizligi we fiziologiki parametrleri barada maglumatlary ýygnaýan kiçijik enjamlardyr. Bu maglumatlar EPlant bulut platformasyna geçirilýär, bu ýerde emeli intellekt algoritmlerini ulanyp, seljerilýär we agajyň ýagdaýy barada düşnükli maglumatlara öwrülýär. Ulanyjylar bu maglumatlary EPlant ykjam programmasy ýa-da web sahypasy arkaly alyp bilerler we agajyň zerurlyklary, ösüşi, saglygy, daşky gurşawa goşýan goşandy barada öwrenip bilerler.

EPlant datçikleri dürli maksatlar üçin peýdalanyp bilner. Bir tarapdan tokaý hojalygyna, oba hojalygyna, şäher gurluşygna we tebigaty goraýyş hünärmenlerine tokaý baýlyklaryny dolandyrmaga, önümleriniň hasyllylygyny we hilini ýokarlandyrmaga, agaçlary kesellerden we zyýankeşlerden goramaga kömek eder. Başga bir tarapdan bag ösümlikleri barada has köp zat öwrenmek, tebigat bilen aragatnaşykda bolmak isleýän adamlar üçin gyzykly bolup biler.

Mundan başga-da, EPlant botanika we ekologiýa pudagynda ylym-bilimiň ösmegine goşant goşar. EPlant datçiklerini ulanyp, alymlar agaçlarda dürli synaglary geçirip, gipotezalary synap, maglumatlary ýygnap, seljerip täze açyşlar bilen ýüzbe-ýüz bolarlar. Mugallymlardyr okuwçylar EPlant-y ösümlik biologiýasy we fiziologiýasy barada öwrenmekde, daşky gurşawy goramak hem-de tebigata hormat goýmak üçin interaktiw el guraly hökmünde ulanyp bilerler.

Advertisement

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000