Oba hojalyk

Oba hojalyk
215 gün 16 sagat öň
Özbegistan sogan eksportynda dünýäniň ilkinji bäşligine girip biler

«EastFruit» portalynyň hasaplamalaryna görä, 2023-24-nji ýyllaryň oba hojalyk möwsümi boýunça Özbegistan ter soganyň eksportynda dünýäniň ilkinji bäşligine girip biler.

Portalyň hünärmenleri muny dünýäniň esasy sogan eksport edijilerinde, hususan-da, bu ugurda ilkinji bäşlige girýän Müsürde bu oba hojalyk önüminiň eksportyna girizilen çäklendirmeler, şeýle hem, özbek soganynyň daşary bazara iberilýän möçberiniň artmagy we eksport geografiýasynyň giňemegi bilen esaslandyrýarlar.

Çeşmede bellenilişine görä, şu möwsümde Özbegistanyň sogan eksportynyň 300 müň tonnadan geçmegine garaşylýar. Bu bolsa goňşy Özbegistana soganyň eksporty babatda Polşadan, Owganystandan, Ispaniýadan, Müsürden we ABŞ-dan öňe geçip, ilkinji bäşlige girmäge mümkinçilik berip biler.

Taýýarlan: Annajemal GURBANÝAZOWA, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň

türkmen dili we edebiýaty mugallymy.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000