Oba hojalyk

Oba hojalyk
294 gün 12 sagat öň
Toprak, daýhan, döwür

Aslyýetinde, «Dünýäni daýhan ekleýär» diýen aýtgy bar. Ynha, biziň ösen döwrümiziň möhüm statistik maglumatlaryndan:

— kabul edilen kadalara görä, ýylda her adam ortaça 109, 5 kilogram bugdaý ununy, 2,6 kilogram süle ununy, 6,6 kilogram unaş önümlerini, 8 kilogram tüwi, 4,4 kilogram ýarma, 2,6 kilogram kösükli (noýba, nohut we ş.m) ekinlerden taýýarlanylýan önümleri sarp etmeli. Däneden taýýarlanýan azyk önümleri adamyň gündelik talap edýän energiýasynyň 40 — 67 göterimini üpjün edip bilýär;

– kada boýunça ýylda jan başyna gök önümleriň 80 kilogramy, bakja önümleriniň 40 kilogramy, ýeralmanyň hem 37 kilogramy sarp edilmeli;

– ilatyň jan başyna ýylda 204 sany ýumurtga, 6,6 kilogram guş etini sarp etmegi kadaly hasaplanýar. Towuk ýumurtgasy aýratyn ýokumlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň düzüminde 12 göterime çenli belok, şeýle-de witaminler, mineral maddalar, uglewodlar bar. Bir ýumurtga 75 kaloriýa çenli energiýa berip bilýär;

– towuk eti bolsa berhizlik häsiýeti bilen tapawutlanýar;

Biler bolsaňyz, dana halkymyzda «Görk agyzdan, görmek eginden» diýen nakyl hem bardyr. Iýmek, geýmek hökmany durmuşy zerurlykdyr, has anygy, ynsan ömrüniň ölçegidir. «Herekete — bereket» diýilmegi bolsa, zähmet çekmegiň zeruryýetligi hakdaky kesgitleme. Ýöne eken ekiniň, bakan malyň, ýetişdiren hasylyň hümmetli bolmagy üçin, ilki bilen, saýlantgy tohumyň, ekin islän wagty mähetdel etmejek suwuň, gereklän döküniň bolmagy hökmany şertler. Esasan hem, ekeniň harman bolanda, daýhanyň aýdyşy ýaly, «eliň awusynyň öçmegi», ýagny azabyňa laýyk hak-heşdegiň jübiňe girmegi zähmete höwesiň gönezligidir.

Babadaýhan eždatlarymyz az gepläp, köp işlemegi, özem «Asmana nur, Zemine bereket bersin» diýen doga-dilegi gaýtalamagy halar ekenler.

XVIII-XIX asyrlarda türkmen topragyna syýahat eden dürli adamlar Murgap bilen Tejen derýalarynyň aralygynda 1 put çigit taşlanan ýerden 15 — 20 put pagta alyp bolýandygyny, bugdaý, şaly, dary, jöwen, künji, mäş, gawun-garpyz ýaly dürli ekinleriň hem diýseň bol bitýändigini ýazypdyrlar. Öz döwründe Zakaspiý oblastynyň general-gubernatory bolan Galkin «Türkmenler ýere dynç berenok diýen ýaly. Olar diňe ekin dolanyşygy düzgünini saklaýarlar» diýip, haýran galmak bilen belläpdir.

Bular biziň milli daýhançylyk taryhymyzdan, ekerançylyk ýörelgämizden diňe birje ülüş. Gürrüňi giňeltseň, söhbet soňlanmaz. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň daýhançylygy hakda söhbet bolsa has ýakymly. Ylaýta-da, mele toprak bilen iş salyşýan daýhanlarymyzyň göwün guşuny göge uçuran täzelik bolsa şu ýylyň 16-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanan taslamalary bilen bagly geçiren iş maslahatynda aýdan sözleri boldy.

Agrosenagat pudagy ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy binýatlarynyň biridir. Ösen dünýäniň talaplaryna, şeýle-de halkyň barha ýokarlanýan isleglerine, bazar gatnaşyklaryna geçmegiň şertlerinde toprak, hasyl, daýhan diýlen düşünjelere täzeçe many-mazmun bermegiň zerurdygy düşnükli hakykatdyr. Şeýlelikde, Arkadag şäherinde Oba hojalyk uniwersitetiniň gurulmagy meýilleşdirilýän täze binalary döwrebap bilimli, täzeçe tehnologiýalardan ezber baş çykarýan, sanly ulgamyň iň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirýän ylym-bilim ojagy bolar. Şol bir wagtda Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlarynyň, şeýle hem Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň täze guruljak binalary geljekde bol hasyl berjek dürli ekinleriň görnüşlerini we hasyl berijilik derejesini ýokarlandyrmaga, tohum-seleksiýa işlerini milli ýörelgeler hem-de dünýä tejribesi, täze ylmy-innowasion çözgütlerarkaly ýerine ýetirmäge ukyply merkezlere öwrüler. Esasan-da, biziň suw, howa, toprak şertlerimizde bol hasyl berjek ekinleriň genetik bukjasyny döretmek doly mümkin bolar. Şol bir wagtda maldarçylyk babatda hem tohumçylyk ylmy esasda öwrenilip, has talabalaýyk derejelere ýetiriler, önümçiligiň täze gözýetimlerini giňeltmek meseleleri talabalaýyk çözgüt tapar.

Daýhanlarymyzdyr mülkdarlarymyzy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň oba hojalyk önümlerini ýetişdirmek bilen meşgullanýan agzalaryny diýseň begendiren döwrelaýyk täzelik bolsa, pagtanyň we dänäniň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmagyň çözgüdi hakdaky gürrüň boldy. Bu daýhan zähmetine täzeçe sarpadyr, ýokary hasyl almak üçin zerur bolan şertleri döretmegiň hukuk hem maliýe binýadydyr. Bazar bolçulygynyň kepilidir, täze daýhan nesliniň topraga bolan söýgi-yhlasynyň zamanabap bahalandyrylmagydyr, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de has kuwwatlanmagynyň aýdyň mysalydyr. Umumylykda alanyňda, ýere, suwa eýeçiligiň täzeçe garaýyşlaryny kemala getirjek döwrelaýyk ädimdir. Şu ýerde gürrüňimize gönüden-göni dahylly käbir maglumatlardyr sanlary agzasymyz gelýär.

Türkmenistanda jemi 25 milliard kub kilometr suw gorlary bolup, onuň 24 milliard kub kilometri oba hojalyk hajatlaryna ulanylýar.

1 kilogram bugdaý dänesini ösdürip ýetişdirmek üçin 750 litr suw gerek. 1 kilogram arpanyň ýa-da ýeralmanyň doly hasyl bermegi üçin bolsa 1250 litr suw ulanmaly.

Täzeçe çözgütleriň, elbetde, suw tygşytlaýjy tehnologik usullar bilenem berk baglanyşykly boljakdygy düşnüklidir.

Bilşimiz ýaly, XVIII asyrda Jeýhun boýlarynda ýaşap öten meşhur şahyrymyz Gaýyby türk­men topragynyň ähli ekinleriň piridigini hakydalarda galar derejede taryplapdyr. Siz, elbetde, «ak altyn» hasaplanýan pagtanyň dilinden aýdylýan söze gulak goýup görensiňiz?!

Bu owsarym jahan içre dolupdyr,

Otuz iki tohumnyň şahydyryn men...

Diýmek, ähli döwürlerde hem keremli topragymyzda bitýän dürli ekinleriň boldumy, hasyly dünýä ýaýrapdyr.

Arid zonasynda ýerleşýän ýurdumyzyň howa şertleri gowaça, şeýle hem tehniki taýdan juda gymmatly hasaplanýan bu ekiniň inçe süýümli sortlaryny ýetişdirmek üçin juda amatlydyr. Bizde, adatça, 250 — 300 gün bulutsyz, güneşli howa bolýar. Bu ýagdaý ekiniň bişmegi, ylmy-tehniki dilde aýdanyňda, ösümlikleriň ýeterlik gyzgynlyk-kaloriýa almagy üçin diýseň möhümdir. Bilýän bolsaňyz, ýarym asyrdanam uzagrak wagtyň dowamynda Ýolötendäki Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynda inçe, orta süýümli gowaçanyň onlarça sortlary döredilip, ekerançylyga ornaşdyrylypdy. Täze dörediljek ylmy-önümçilik merkezleri bolsa dünýä bazarynda iň geçginli hem gymmat harytlaryň biri hasaplanýan pagtanyň ýokary hasylyny almaga, tohumçylyk-seleksiýa işlerini dünýä derejesinde ýola goýmaga mümkinçilik berer. Aslyýetinde, pikir edip otursaň, müňlerçe ýyllaryň synagyndan geçirip, seýislerimiziň, atşynaslarymyzyň saýlantgy tohumyň naýbaşy derejesine ýetiren, häzir abraýy älemi baglaýan ahalteke bedewleri, asly-döreýşi türkmen topragyna bagly saryja goýunlary, synçy hem azaphon sarwanlarymyzyň nijeme asyrlaryň synagyndan geçirip, kämilligiň nusgasyna ýetiren ýeke örküçli arwana düýeleri, adyndan nähili irimçikdigi hem-de tagamlydygy aňdyryp duran düýediş bugdaýy, hut soňky ýyllarda Pamir daglaryndan getirilip, biziň şertlerimize laýyk seçgi-tohumçylyk esasynda uýgunlaşan angor geçileri... garaz, sanap otursaň, milli seçgiçilik-tohumçylyk şöhratymyz aňyrdandyr.

Bazar bolçulygy, azyk howpsuzlygy — bular ýurduň içeri syýasatynyň strategik ugurlarydyr. Bu babatdaky täzelenişler, tohum-seleksiýa işleriniň has-da gowulanmagy, daýhan zähmetiniň sarpalanmagy bolsa ýurdumyzyň barha rowaçlanmagynyň, ýer berekediniň ýene-de artmagynyň buşlukçysydyr.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,

Hormatly il ýaşulusy,

ýazyjy. «Biznes reklama».


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000