Hawa, biz indi şeýle diýip juda ynam bilen aýdyp bileris. Men häzir şu sözleri dile getiren mahalym, ak ekiniň çilinde durun. Tüweleme, luw ýylynyň gyşy Daşoguz topragyna bol gary bilen geldi. Tejribeli, köpügören daýhanlar: «Çillede ýagan gar ak ekin üçin edil possun ýalydyr. Şonuň aşagynda ymyzganan maýsanyň tomusdaky harmany bol bolar» diýerdiler.
Meniň daýhançylyk tejribäm 30 ýyldan agyp barýar. Ata-babalarymyň rysgal-bereket tapan kesbini ýöredip gelýärin. Daýhanyňky, anyk aýdanyňda, azap bilen «gaňryp» almak. Lap etmäýin weli, ak ekiniň şu ýyldaky ýaly boldumly bitenini gördüm diýsem ýalançy.
Ekiş edil wagtynda geçirildi, gögeriş edil bolsady eken ýaly, agrotehniki çäreler gijikdirilmän, agrotehniki talaplara laýyk geçirildi, iň esasysy-da, dökün jaý wagty, gerekli mukdarda berildi. Tebigat öňem aýdylyşy ýaly, tüýs daýhanyň küýseýäni boldy. Indi, enşalla, baharda Burkut baba ak ýagşyny kem etmesin diýen umytda. Sebäbi bugdaý aýdanmyş: «Men bogundan ganmaryn, bokurdakdan ganaryn» diýip. Galan gaýratam özümize bagly.
Ynha, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen giňişleýin Mejlisinde kabul edilen resminamalar, esasanam, oba hojalygyna degişli çözgütler daýhanlary juda begendirdi, yhlaslaryny goşalandyrdy.
Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alnyş nyrhy 2 müň manat, nah pagtanyňky ýygym başlanan gününden 15-nji oktýabra çenli 5 müň manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 müň 770 manat, 15-nji noýabrdan ýygym tamamlanýança, 4 müň 550 manat möçberinde, ýüpek pagtanyňky ýygymdan 15-nji oktýabra çenli 6 müň 700 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 6 müň 100 manat möçberinde bellenildi.
Daýhançylykda gadymlardan bäri «Eliň awusy öçse» diýen bir söz bar. Munuň çeken zähmetiňe, eden azabyňa laýyk hak-heşdek almak bilen baglydygy juda düşnüklidir. Indi hut şeýle bolar. Daýhan baýasa, döwlet baýar, döwlet baýasa, ýurt güllär, milli ykdysadyýet berkär. Bu bolsa döwletiň abraý-mertebesiniň beýikdiginiň güwänamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda agrosenagat pudagyna berilýän ünsüň nähili belent tutulýandygyny biz bu pudagyň düzüm birliklerinň üýtgedilmeginde has aýdyň duýduk. Bu bolsa, elbetde, ýurtda azyk bolçulygynyň kepilidir.
Bugdaýyň ýöriteleşdirilen saýlantgy tohumçylyk hojalygy biziň welaýatymyzda indi birnäçe ýyl bäri hereket edýär. Bu hojalyga ýolbaşçylyk edýän döwrümden bäri her ýyl şertnamalaýyn borçnamamyzy artygy bilen berjaý edýäris. Geçen ýyl her gektaryň hasyllylygy 80 sentnerden aňyrda boldy. Bu şertnamadan ep-esli artyk hasyl öndürildi diýildigidir.
Çeken zähmetim göz öňünde tutulyp, «Gaýrat» medaly, soňra «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandym.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ekilen 100 gektar bugdaýymyzdan 200 tonna hasyl öndürmek şertnama esasynda kesgitlenen. Häzir meýdanlarymyzdaky saýlantgy, özem ýerli tohum bolan «Sähraýy» hem-de «Naýbaşy» sortlarymyz ýaşyl maýsa bolup otyr. Bu ekiniň saýlantgy tohumlardygyny ýene bir gezek nygtasym gelýär. Sebäbi olar harmana tabşyrylanda, iýmitlik üçin däl-de, tohumlyk üçin aýratyn ammara guýulýar. Onsoň jogapkärçiligiň adaty daýhançylykdan has ýokarydygy düşnüklidir.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýokarda agzalan giňişleýin Mejlisinde kabul edilen resminamalar bizi diňe bir begendirmän, eýsem, has hyjuwly işlemäge hem ruhlandyrdy. Sebäbi tabşyrykdan artykmaç beren hasylyň üçin has düşewüntli girdejini alyp bolýandygy daýhan üçin joşgun dälmidir?! Şonuň üçin tohumçylyk hojalygymyzyň kärendeçileri bilen eýýäm maslahatlaşyp, şu ýyl Watan harmanyna tabşyryljak saýlantgy bugdaý tohumyny 800 — 900 tonna ýetireris diýip umyt edýäris. Muny ekiniň taby eýýäm buşlap dur. Irbaharky bejergi-agrotehniki işlere hem «häh» diýilse, «mäh» diýip, girişibermäge taýýar. Her gün ekin üstüne aýlanyp, «Eýe gözi — em» etmek edähedimiz bar. Galanynam, harman hasabynda göreris.
Şeýle ýalkawly alada-tagallalary, daýhanlaryň başyny göge ýetiren täze hasaplaşyk üçin Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir. Özümiz üçin edilýän alada hasylyň belent harmany bilen jogap bereris.
Aşyrmuhammet SÖÝÜNOW,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşigindäki
tohumçylyk hojalygynyň ýolbaşçysy.
biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792
Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000
© Ähli hukuklar goralan.