Oba hojalyk

Oba hojalyk
251 gün 12 sagat öň
Gazagystan Özbegistana 1,2 million tonna gallany eksport eder

Gazagystan şu ýylyň ýanwar aýynda Özbegistana 1,2 million tonna gallany eksport eder. Bu barada BaigeNews.kz habar berdi.

Gazagystan Respublikasy 2023-nji ýylda 9 million tonna däne eksport etdi, bu bolsa 2022-nji ýyldakydan 1 million tonna köpdür. Şeýle-de ýurtda oba hojalyk önümleriniň importynyň 15 göterim ýokarlanandygyny bellemek gerek.

2024-nji ýylyň ýanwar aýynda 1,5 million tonna galla eksport etmegiň esasy meýilnamasy ylalaşyldy, şolardan 1,2 million tonnasy Özbegistana ugradylar.

Geçen ýyl Hytaýa däne eksport etmekde 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3 esse artyp, 2,2 million tonna ýetdi diýip habarda bellenilýär.  


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000