Oba hojalyk

Oba hojalyk
266 gün 12 sagat öň
Türkmenistan pomidoryň uly tapgyryny eksport etdi

Ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşup, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn gala gurluşyk» hususy kärhanasy Russiýa, Gazagystana we Gyrgyz Respublikasyna pomidor hasylynyň 439 tonnasyny eksport etdi.

Kärhananyň işgärleri ösdürip ýetişdirmäge durnukly görnüşleriň ekilmeginiň we döwre­bap tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna hasyllylygy ýokarlandyrmaga ähmiýet berip, şu ýylyň 10 aýynda 730 tonna hasyl aldylar.

Şu ýyl Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Hasylçy şäherçesinde ýerleşen gök önüm ýetişdirilýän ýyladyşhanada pomidoryň «Altes» atly täze görnüşi ekildi. Ol açyk gyzyl reňkli bolup, togalak görnüşli we dykyz düzümlidir. Oňa öndürijiler we sarp edijiler ýokary baha berýärler. «Altyn gala gurluşyk» kärhanasynyň ýyladyşhana toplumynda ýygnalan pomidorlar satuwa iberilmezden öňürti, ýörite barlaghanalarda barlanylýar. Düýpli barlaglar geçirilenden soňra, ter gök önümler ýurdumyzyň bazarlaryna iberilýär hem-de daşary ýurtlara eksport edilýär.

Medine TAHYROWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000