Oba hojalyk

Oba hojalyk
224 gün 11 sagat öň
Towuk ýumurtgalarynyň önümçiligi ýokarlanýar

Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçünji müňýyllygyň başynda adamzadyň öňünde durýan iň wajyp wezipeleriň biridir. Şu hakykata göz ýetirseň, soňky ýyllarda bütin dünýäde oba hojalygy bilen gönümel baglanyşykly bolmadyk ugurlarda uly üstünlik gazanan halkara kompaniýalaryňdyr tanymal işewürleriň ekerançylyk we maldarçylyk bilen bagly iri taslamalary durmuşa geçirmäge girişýändigigeň däl. Ilaty ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynda hem ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu ugra hususy pudagyň wekilleriniň goşant goşmagy has uly öňegidişlikleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk hojalygynyň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirilen ykdysady strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Geljege miras» hususy kärhanasy işleriniň gerimini barha giňeldýär. Ýurdumyzda ilkinji bolup motor ýaglarynyň önümçiligini ýola goýan hususy kärhana «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan taslamalary amala aşyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň çäginde döwrebap guşçulyk toplumyny işe girizip, oba hojalyk pudagynda hem işewürlige başlady. Bizem rysgal-berekediň mekany bolan gadymy sebitde gurlan döwrebap toplumda bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdyk.

Geljege miras» hususy kärhanasy Tejen etrabynyň çäginden uzakmöhletleýin peýdalanmaga bölünip berlen meýdany 250 gektara barabar ýeriň 5 gektarynda döwrebap maldarçylyk toplumynyň taslamasyny durmuşa geçirýär. Bu taslamanyň birinji tapgyrynda döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan guşçulyk toplumy döredildi. Bölünip berlen ýeriň galan böleginde suw tygşytlaýjy usullary ornaşdyryp, mallar we guşlar üçin zerur bolan iýmleri taýýarlamakda ulanylýan mekgejöwen, günebakar, arpa ýaly ot-iýmlik ekinler ösdürilip ýetişdirilýär.

Döwrebap guşçulyk toplumynda towuklary göwnejaý idetmek hem-de köpeltmek üçin ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän şertlerdir mümkinçilikler döredilipdir. Toplumyň düzüminde her biri towuklaryň 50 müňüsini saklamaga niýe

Döwrebap guşçulyk toplumynda towuklary göwnejaý idetmek hem-de köpeltmek üçin ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän şertlerdir mümkinçilikler döredilipdir. Toplumyň düzüminde her biri towuklaryň 50 müňüsini saklamaga niýetlenen ketekleriň 2-si bar. Olarda towuklary iýmlemek, suw bermek, arassaçylyk işleri doly awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Bu ýerde idedilýän towuklar, esasan, loman-laýt tohumyna degişli bolup, towugyň şu görnüşi ýumurtga berijiligi bilen tapawutlanýar. «Geljege miras» hususy kärhanasynyň guşçulyk toplumynda saklanýan 100 müňden gowrak towukdan her günde ortaça 96 müňden gowrak ýumurtga alynýar.

Guşçulyk toplumynda towuklar günde iki wagtyna iýmitlendirilýär. Olaryň esasy iýmiti soýa, mekgejöwen, däne gatyşykly bugdaý, arpa kepeginden taýýarlanylýar. Guşçulyk toplumynda idedilýän towuklara dürli kesellere garşy işler weterinar lukman tarapyndan yzygiderli gözegçilikde saklanýar. Toplumda ornaşdyrylan sanly ulgama daýanýan tehnologiýalar howa şertlerine laýyklykda, ketekleriň içindäki gyzgynlygy gerekli derejede saklamaga mümkinçilik berýär. Towuklara berilýän iýmleriň, şeýle hem ýumurtgalary salmak üçin ulanylýan gaplaryň kärhananyň ýörite sehlerinde taýýarlanylýandygy hem aýratyn bellenilmelidir.

Döwrebap guşçulyk toplumynda hünärmenleriň we işgärleriň 30-dan gowragy zähmet çekip, olar üçin howpsuz we oňaýly zähmet şertlerini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Kärhananyň agzybir işçileridir hünärmenleri döwletimiz tarapyndan oba hojalyk toplumynyň maldarçylyk pudagyny we ýedi hazynanyň biri hasaplanylýan guşçulygy ösdürmek, şol sanda oba hojalyk pudagynyň gaýtadan işleýän senagatynyň kuwwatyny artdyrmak barada edilýän tagallalara jogap edip, yhlas bilen zähmet çekýärler.

«Geljege miras» hususy kärhanasynyň guşçulyk toplumynda öndürilýän ýumurtgalar, esasan, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň söwda nokatlarynda alyjylara hödürlenilýär. Kärhana geljekde önümçiliginiň gerimini has-da giňeldip, ýurdumyzyň beýleki sebitlerine hem harytlaryny ýerlemegi maksat edinýär. Häzirki zaman awtomobil ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Tejen etrabynda ýerden bol hasyl almak, ýokary hilli önüm öndürmek we harytlary ýerlemek babatda geljegi uly mümkinçilikler bar. Telekeçiler bu sebitde hyzmatlar ulgamyny göwnejaý ýola goýmaga we täze iş orunlaryny döretmäge goşant goşmagy maksat edinýärler.

Häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilip, sazlaşykly işleýän täze maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň döredilmegi halkymyzy ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmäge, bazarlarymyzda haryt bolçulygyny has-da ýokarlandyrmaga, goşmaça iş orunlaryny döretmäge ýardam edýär. Hususy pudagyň wekilleri halal zähmet çekip, Watanymyzyň gülläp ösüşine goşant goşmaga döredilýän mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdýarlar.

Çary ÇARYÝEW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000