Oba hojalyk

Oba hojalyk
237 gün 12 sagat öň
2023-NJI ÝYLDA MOLDOWA MIWELERIŇ EKSPORTYNY 82 GÖTERIM ÝOKARLANDYRDY

2023-nji ýylda Moldowadan erigiň, üljäniň, alçanyň we şetdalynyň eksporty 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 82 göterim ýokarlandy. Bu maglumaty wise-premýer, ykdysady ösüş we sanlylaşdyrma ministri Dumitru Alaýba MOLDPRES-de beýan etdi.

Onuň sözlerine görä, bu miweleriň eksporty 81 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Eksportyň 61 göterimi Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara iberildi. Moldowanyň miweleriniň esasy bazarlary Rumyniýa (16 göterim), Polşa (12 göterim), Germaniýa (10 göterim), Latwiýa (4 göterim) we Gollandiýa (3 göterim).

Şeýle-de 15 fermerden ybarat bolan topar şu ýyl Italiýa funduk eksportynyň ilkinji tapgyryny ugratdy.

Taýýarlan: Erkin BEKIÝEW, TDBGI-niň talyby.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000