Oba hojalyk

Oba hojalyk
231 gün 12 sagat öň
TUTANÝERLI ZÄHMETIŇ DATLY MIWESI

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň hususy düzümi oba hojalygy pudagynda uly üstünlikleri gazanýar. Bu ugurda ýyladyşhana hojalyklary bilen baglanyşykly gazanylan öňegidişlikler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Möhüm pudakda ýetilen sepgitlere mysal hökmünde dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýyladyşhana toplumyny döredip, sanly tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyrmak arkaly halkara derejede at-abraýa eýe bolan «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işlerini görkezmek bolar.

Paýtagtymyzdan çykyp, dag etegini syryp gidýän ýol boýunça, gündogarlygyna ýola rowana bolanyňda Kaka etrabynyň çägindäki bag-bakjaly meýdanlar, ýyladyşhanalar ünsüňi çekýär. 2008-nji ýylda esaslandyrylan «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap ýyladyşhanalar toplumy hem şu sebitde ýerleşýär. Birnäçe ýylyň dowamynda dürli ugurlarda iş alyp baran hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda ähli ünsüni oba hojalygyna gönükdirdi. Hut şol ýyl «Ýigit» hojalyk jemgyýetine Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginden uzak möhletleýin esasda 1 müň gektara barabar ýer bölegi ulanylmaga berildi. Işjanly işewürler bu ýerde ilkibaşda arpa, bugdaý, dary, mäş, mekgejöwen ýaly ekinleri ekmäge girişdiler. 2019-njy ýylyň başynda bolsa şol ýerde meýdany 10 gektara barabar ýyladyşhana toplumy açylyp, ulanylmaga berildi. Hut şonda düýbi tutulan meýdany 24 gektara barabar sowadyjy ulgamly ýyladyşhanalar bolsa, şol ýylyň ahyrynda ulanyşa girizilendir. Soňky ýyllarda pomidor ösdürip ýetişdirmekde uly tejribe toplan hojalyk jemgyýeti ýene 40 gektara barabar ýyladyşhanalar toplumyny kärendesine aldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda umumy meýdany 64 gektara barabar ýyladyşhanalar toplumynda 800-den gowrak iş orny döredildi.

                                                       ÜSTÜNLIK

2019-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen «Russiýanyň we GDA-nyň ýyladyşhana toplumlary» atly IV halkara maýa goýum forumynda we sergisinde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda iň uly öňegidişlik gazanan ýyladyşhanalar toplumy ugrunda «Ýigit» hojalyk jemgyýeti ýeňiji diýlip yglan edilip, ýörite kubok bilen sylaglanyldy.

«Ýigit» hojalyk jemgyýeti 7 — 9-njy fewralda Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde geçiriljek «Fruit Logistica 2024» hem-de 19 — 23-nji fewralda Dubaý şäherinde guraljak «Gulfood Feb 2024 Dubai World» halkara sergisine gatnaşar.

— Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ýigit» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda innowasion ulgamly ýyladyşhanalary işe girizdi. Sowadyş ulgamly ýyladyşhanalar tomsuň yssy günlerinde-de önümçilik işi bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýär. Innowasion işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak hem-de hünärmenleriň bilim derejesini, başarnyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak bilen, biz işimiziň gerimini barha giňeldýäris – diýip, hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanalar toplumynyň baş müdiri Maksat Şirow gürrüň berýär.

Biz 2023-2024-nji ýyllaryň önümçilik möwsüminde 25 müň tonnadan gowrak pomidor hasylyny ýygnamagy maksat edinэдris.

— Hojalyk jemgyýetimiziň ýyladyşhanalarynda 2022-2023-nji ýyllaryň önümçilik möwsüminde 18 müň 100 tonnadan gowrak pomidor ýetişdirildi. Şonuň uly bölegi «Mahmal» haryt nyşany bilen Russiýa Federasiýasyna, Belarus Respublikasyna, Gazagystana, Täjigistana, Gyrgyz Respublikasyna, Owganystana, Birleşen Arap Emirliklerine eksport edilse, galan bölegi içerki bazary üpjün etmäge gönükdirildi. Biz 2023-2024-nji ýyllaryň önümçilik möwsüminde 25 müň tonnadan gowrak pomidor hasylyny ýygnamagy maksat edinýäris. Ýyladyşhanalar toplumynda pomidoryň, esasan, salkym, gülgüne we çerri görnüşli sortlary ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýle hem bazaryň isleglerini nazara almak we dünýä tejribesiniň täze gazananlaryny öwrenmek arkaly, tagamly nygmatyň ýene onlarça görnüşi synag maksatdy bilen, ösdürilýär.

Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önüm öndürmek, elbetde ýeňil-ýelpaý iş däl. Şunuň ýaly netijeleri gazanmak üçin tapgyrlaýyn we toplumlaýyn çemeleşmek, ilkinji nobatda bolsa, halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýup, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak gerek. «Ýigit» hojalyk jemgyýeti hem birnäçe ýyl bäri dürli ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň agronomlary, bilermenleri bilen tejribe alyşýar. Şolaryň arasynda Niderlandlar Patyşalygynyň kompaniýalarynyň bilermenleriniň we agronomlarynyň pomidor ýetişdirmekde has baý tejribe toplandygyny nazara alyp, has işjeň hyzmatdaşlyk edilýändigini bellemek gerek. Germaniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Ysraýylyň, Türkiýäniň, Gresiýanyň innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhanalaryň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, kämil hünärmenleri ýetişdirmek zerur bolup durýar. Munuň üçin hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri daşary ýurtlaryň ylym-bilim edaralarynda hem başarnyklaryny artdyrýarlar. Hojalyk jemgyýeti işleriň guralyşy we işgärleriň ýetişdirilişi babatda daşary ýurtly bilermenler bilen birlikde, ýerli kompaniýalaryň hyzmatlaryndan hem peýdalanýarlar.

«Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanalar toplumynda işleriň ýola goýluşy we hünärmenlerdir işgärler üçin döredilen şertler dünýä standartlaryna doly kybap gelýär. Hojalyk jemgyýetinde birnäçe bölümler hereket edip, şolaryň iň esasylary önümçilik, agronomçylyk, hil gözegçiligi, ulag-logistika, hasabat we satuw bölümleridir. Iş prosesiniň ähli tapgyrlarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar.

Önümiň hilini kepillendirýän hem-de iş dolandyryş usullaryna güwä geçýän ISO şahadatnamalarynyň berilmegi bolsa hojalyk jemgyýetinde ýola goýlan sazlaşykly işleriň netijeleriniň halkara derejede ykrar edilendigini tassyklaýar.

Geçen ýylyň başynda «Ýigit» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinji bolup, «GLOBALG.A.P» (Good Agricultural Practice) güwänamasyna eýe boldy. Degişli güwänama diňe bir önümiň hiline baha bermän, eýsem, önümçiligiň tutuş aýlawyny öz içine alýar. «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň mysalynda alsak, bu standart onuň pomidorlarynyň şitiliniň ýetişdirilmeginden başlap, tä harydyň alyjylara ýetirilmegine çenli aralykdaky ähli işleriň howpsuz bolmagyny talap edýär. «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanalar toplumyna oba hojalygy boýunça dünýäde iň abraýly «GLOBALG.A.P» güwänamasynyň «Control Union Certifications» garaşsyz halkara kompaniýasy tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde berlendigini hem bellemek gerek.

— «Ýigit» hojalyk jemgyýeti hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de önümlerini täze bazarlara çykarmak maksady bilen, halkara sergilere we ýarmarkalara hem yzygiderli gatnaşýar. 2019-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen «Russiýanyň we GDA-nyň ýyladyşhana toplumlary» atly IV halkara maýa goýum forumynda we sergisinde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda iň uly öňegidişlik gazanan ýyladyşhanalar toplumy ugrunda «Ýigit» hojalyk jemgyýeti ýeňiji diýlip yglan edilip, ýörite kubok bilen sylaglandy. Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri geçen ýyl Niderlandlar Patyşalygynyň Amsterdam şäherinde geçirilen ýyladyşhanalar hojalygy boýunça dünýäniň iň uly sergisi «GreenTech 2023»-e hem-de Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen ýyladyşhana hojalygy boýunça «Growtech 2023» halkara sergisine gatnaşdylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde guralan «Middle East Organic & Natural Products Expo Dubai 2023» sergisinde bolsa hojalyk jemgyýeti öz önümlerini sergä çykardy. Indi bolsa hojalyk jemgyýetimiziň hünärmenleri şu ýylyň 7 — 9-njy fewraly aralygynda Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde geçiriljek «Fruit Logistica 2024» sergisine gatnaşmagy, fewral aýynyň 19 — 23-i aralygynda Dubaý şäherinde guraljak «Gulfood Feb 2024 Dubai World» halkara sergisinde bolsa önümlerimizi sergä çykarmagy meýilleşdirýäris – diýip, Maksat Şirow gürrüň berýär.

«Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň agzybir işgärleri mundan beýläk hem ähli işlerini sanly ulgam esasynda innowasion tehnologiýalary, täzeçil iş usullaryny ornaşdyrmak arkaly yzygiderli kämilleşdirip, halkara derejede bäsdeşlige mümkinçilikli azyk önümleriniň öndürilişini yzygiderli ýokarlandyrmagy maksat edinýärler. Biz hem hemişe kämillige ymtylýan işewürleriň zähmetiniň miwelerini synlap, «Berekella!» diýýäris we olaryň asylly maksatlarynyň myradyna ýetmegini arzuw edýäris.

Ýazga geçiren: Çary ÇARYÝEW,

Türkmen döwlet medeniýet

institutynyň telewideniýe žurnalistikasy

hünäriniň talyby, «Biznes reklama».


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000