Oba hojalyk

Oba hojalyk
289 gün 18 sagat öň
Müsür 2023-nji ýylda Braziliýa miwe we gök önümleri eksport etmegi iki esse artdyrdy

Müsür miwe we gök önümler üçin eksport bazarlaryny diwersifikasiýa etmek işini çaltlaşdyrýar. Bu babatda Braziliýa Müsür üçin iň gyzykly we netijeli, täze eksport merkezleriniň birine öwrüldi.

2023-nji ýylda Müsüriň eksportçylary ter we doňdurylan gök önümlerdir miweleri Braziliýa bazaryna ibermegi iki esse artdyrmagy başardylar.

Soňky bäş ýylyň dowamynda Müsüriň Braziliýa ter we doňdurylan gök önümleriň, miweleriň eksportynyň möçberini 13 esse artdyrandygy bellenilýär.

2019-njy ýylda Müsürden Braziliýa bazaryna, esasan, sarymsak ugradylyp, umumy eksport 2,4 müň tonnadan geçmeýärdi. Bäş ýyldan soň, 2023-nji ýylda Braziliýa Müsürden 31 müň tonnadan gowrak gök önümi we miwäni import etdi. Müsüriň eksportynyň esasy önümleriniň sanawyna doňdurylan bag gülleri we sitrus miweleri-de (apelsin we mandarin) goşuldy.

Taýýarlan: Ýazgül NURÝAGDYÝEWA,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000