Ykdysadyýet

Gysga habarlar

Hytaýda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň önümçiligi ýokarlandy

Hytaý Halk Respublikasynda şu ýylyň ilkinji sekiz aýynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň önümçiligi ep-esli ýokarlandy. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň önümçiliginde, esasan, ýelden hem-de Günden alynýan energiýa has-da agdyklyk etdi. Bu barada Hytaýyň Döwlet energiýa dolandyryş gullugy maglumat berýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, şu ýylyň başyndan bäri Hytaýyň Gün energiýa önümçiliginiň umumy kuwwaty 44,4 göterim ýokarlandy. Şol döwürde ýelden alynýan energiýanyň önümçiligi 400 million kWt-a deň bolup, 14,8 göterim ýokarlandy.

Maglumat üçin, geçen aýyň ahyryna çenli ýurtda gurlan elektrik energiýa desgalarynyň umumy öndürijilik kuwwaty 2,76 milliard kWt-a deň bolup, 11,9 göterim ýokarlanypdy.

Bilermenler gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň önümçiliginiň ýokarlanmagyny Hytaýyň «ýaşyl» energiýa önümçiligini artdyrmak ugrundaky düýpli maýa goýumlary bilen baglanyşdyrýarlar.  

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Hytaýyň Gün energiýa önümçiligi üçin elektrik energiýa pudagynda öňdebaryjy kompaniýalarynyň umumy maýa goýumlarynyň möçberi 82,7 göterim ösüşe eýe boldy.

Leýla GURBANOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň talyby.

Hytaýda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň önümçiligi ýokarlandy

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady

2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda  her ýyl geçirilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Bu giň möçberli serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň oňa gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagy okaldy. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň açylyş dabarasyna özboluşly şatlyk çaýdy. 

 Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň açylyş dabarasyna köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Bu sergi Türkmenistanyň Garaşsyz ösüşiniň 32 ýylynda gazanan durmuş we ykdysady üstünlikleriniň görkezijisidir. Ýurdumyzyň işewür gatnaşyklaryny we içerki önümlerini mahabatlandyrmak üçin özboluşly meýdança bolup hyzmat edýän bu giň möçberli çäre myhmanlara Türkmenistanda bolup geçýän özgerişler bilen tanyşmaga mümkinçilikler döredýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat

 edarasynyň Metbugat gullugy.


Ýurdumyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady

top news

TDHÇMB-nyň söwdalary...

Türkmenistanyň Garaş...

Hytaýda gaýtadan dik...

Ýurdumyzda Türkmenis...

«Trina Solar» kompan...

Advertisement

Soňky habarlar

Sentýabr 26, 2023

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 26 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Hytaýyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki ýody, Owganystanyň işewürleri bolsa “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň dürli görnüşlerini, ýorgan-düşek toplumlaryny, erkek adamlaryň köýneklerini, rulon pamygy, nah ýüplügi, jinsi matalaryny, dokma önümleriniň galyndylaryndan dikeldilen süýümi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 26 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen bahasy 2 million 880 müň manatlyk polipropileni satyn aldylar.

 

Sentýabr 21, 2023

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi üstünlikli geçirildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda geçirilen Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde ýokary tehnologiýaly önümçilikler, ýurdumyzyň kärhanalarynda öndürilýän hem-de içerki we daşary ýurt bazarlarynda mynasyp orun eýeleýän döwrebap gurluşyk we bezeg serişdeleri, kompýuter we elektron harytlar, ulag we logistika, bank ulgamynyň hyzmatlary, häzirkizaman aragatnaşyk we kommunikasiýa mümkinçilikleri, halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmekde ýetilen sepgitler, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamyny, bilimi we ylmy, medeniýeti ösdürmek ugurlarynda gazanylan üstünlikler türkmen we dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýbaňlandyryldy.

Gatnaşyjylar bu serginiň ýokary derejede geçirilmegine giň mümkinçilikler döredip berendigi üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýtdylar. Serginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara sertifikatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylar tarapyndan Hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.

 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

 Metbugat gullugy


Sentýabr 20, 2023

Hytaýda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň önümçiligi ýokarlandy

Hytaý Halk Respublikasynda şu ýylyň ilkinji sekiz aýynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň önümçiligi ep-esli ýokarlandy. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň önümçiliginde, esasan, ýelden hem-de Günden alynýan energiýa has-da agdyklyk etdi. Bu barada Hytaýyň Döwlet energiýa dolandyryş gullugy maglumat berýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, şu ýylyň başyndan bäri Hytaýyň Gün energiýa önümçiliginiň umumy kuwwaty 44,4 göterim ýokarlandy. Şol döwürde ýelden alynýan energiýanyň önümçiligi 400 million kWt-a deň bolup, 14,8 göterim ýokarlandy.

Maglumat üçin, geçen aýyň ahyryna çenli ýurtda gurlan elektrik energiýa desgalarynyň umumy öndürijilik kuwwaty 2,76 milliard kWt-a deň bolup, 11,9 göterim ýokarlanypdy.

Bilermenler gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň önümçiliginiň ýokarlanmagyny Hytaýyň «ýaşyl» energiýa önümçiligini artdyrmak ugrundaky düýpli maýa goýumlary bilen baglanyşdyrýarlar.  

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Hytaýyň Gün energiýa önümçiligi üçin elektrik energiýa pudagynda öňdebaryjy kompaniýalarynyň umumy maýa goýumlarynyň möçberi 82,7 göterim ösüşe eýe boldy.

Leýla GURBANOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň talyby.

Sentýabr 19, 2023

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady

2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda  her ýyl geçirilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Bu giň möçberli serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň oňa gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagy okaldy. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň açylyş dabarasyna özboluşly şatlyk çaýdy. 

 Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň açylyş dabarasyna köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Bu sergi Türkmenistanyň Garaşsyz ösüşiniň 32 ýylynda gazanan durmuş we ykdysady üstünlikleriniň görkezijisidir. Ýurdumyzyň işewür gatnaşyklaryny we içerki önümlerini mahabatlandyrmak üçin özboluşly meýdança bolup hyzmat edýän bu giň möçberli çäre myhmanlara Türkmenistanda bolup geçýän özgerişler bilen tanyşmaga mümkinçilikler döredýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat

 edarasynyň Metbugat gullugy.


Sentýabr 19, 2023

«Trina Solar» kompaniýasy ABŞ-nyň Tehas ştatynda Gün panellerini öndürýän zawodyny gurar

Dünýäniň iň uly Gün panellerini öndürijileriniň biri bolan Hytaýyň «Trina Solar» kompaniýasy ABŞ-nyň Tehas ştatynda Gün panellerini öndürýän zawodyny gurar. Zawodyň umumy kuwwaty 5 gigawat-a deň bolan (GW) Gün panellerini öndürmäge mümkinçilik berer.

Bellenilişi ýaly, zawod Dallasyň günorta-gündogaryndaky Wilmer sebitinde gurlar. Umumy çykdajylary 200 million amerikan dollaryna deň boljak bu desga 1 million inedördül metrden gowrak meýdanda ýerleşer. Has takyk aýdylanda, «Trina Solar» kompaniýasy bu zawodynda 600W-den gowrak energiýa öndürmäge ukyply bolan «Vertex» modullaryny öndürer. Onuň işe girizilmegi bu sebitde 1500 iş ornunyň döremegine hem itergi berer. Kompaniýa zawodyň önümçiligi üçin zerur bolan çig malyň ABŞ-dan we Ýewropadan alynjakdygyny mälim etdi. Zawody 2024-nji ýylda doly işe girizmek meýilleşdirilýär.

Baýmyrat ÝAZBERDIÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Advertisement

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000