Ykdysadyýet

Ykdysadyýet
60 gün 12 sagat öň
GADYMY ÇYN-MAÇYNYŇ HÄZIRKI YKDYSADYÝETI

Dünýä döräp, Beýik Ýüpek ýoly döräp özüni Çyn-Maçyn diýip tanadan Hytaý döwleti bu günki gün dünýäniň söwda bazarynda iri «täjirleriň» biridir. Dünýä bakgallarynyň arasynda «Ilkinji edilen söwdanyň nirede bolany belli bolmasa-da, şol satylan haryt hökman Çyn-Maçynda öndürilen bolmaly» diýen aýtgy bar. Bu günki global ykdysadyýetiň agramly «oýunçylarynyň» biri bolan Hytaý Halk Respublikasynyň üstünlige çenli geçen ýoly nusgalykdyr.

Hytaý senagat syýasaty hem-de 5 ýyllyk meýilnamalary öz içine alýan, ösýän, garyşyk, sosialistik bazar ykdysadyýetli ýurt hökmünde bellidir. «Forbes» žurnalynyň ýylyň birinji çärýeginde çap eden sanawyna laýyklykda, ýurt nominal jemi içerki önümi boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan soň 2-nji, satyn alyş kuwwaty babatda bolsa 2016-njy ýyldan bäri dünýäniň iň uly ykdysadyýetidir. Has dogrusy, häzirki wagtda ýurduň nominal jemi içerki önümi 18 trillion 566 milliard amerikan dollaryna, ilatyň jan başyna düşýän JIÖ 13,16 müň amerikan dollaryna, JIÖ-niň ýyllyk ösüş depgini bolsa 4,2 göterime deňdir. 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurduň nominal jemi içerki önümi 5,2 göterim ýokarlanyp, 17 trillion 890 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Ýeri gelende aýtsak, Hytaý 2022-nji ýylda dünýäniň nominal jemi içerki önüminiň 18, satyn alyş güýjüniň 19 göterimini emele getirdi.

Umuman, Hytaý ykdysadyýetiniň ösüşinde uly öwrülişigi başdan geçirýär. Geçen asyryň 60-njy ýylyndaky dünýäniň iň uly 4-nji ykdysadyýeti bolan ýurt 2023-nji ýylda 2-nji basgançaga çenli ýokarlandy. Häzirki wagtda ýurduň ykdysadyýetiniň ösmeginde önümçilik, elektron söwda, tehnologiýa, elektronika, täzelenip bilýän energiýa, telekommunikasiýa, emeli aň ýaly pudaklara aýratyn orun degişlidir.

Hytaýyň Milli statistika býurosynyň hasabatyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurduň jemi içerki önümi 29,63 trillion ýuana (4,1 trillion amerikan dollary) deň boldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,3 göterim, hemişelik bahalarda hasaplananda bolsa 1,6 göterim ýokarydyr. Ýurduň ykdysadyýetinde iň ýokary ösüş depgini senagat önümçiliginde hasaba alyndy. Has takygy, ady agzalan pudakda ösüş depgini 2023-nji ýylyň degişli döwründäkiden 6 göterim ýokarlanyp, 10,98 trillion ýuana (1,52 trillion amerikan dollary) deň boldy. Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde hyzmatlar pudagynyň goşmaça gymmaty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5 göterim ýokarlandy. Şeýle-de goşmaça gymmaty boýunça iň ýokary ösüş ýokarlanan maglumat geçiriş, programma üpjünçiligi we IT hyzmatlarynda hasaba alyndy. Umumylykda, ýokarda görkezilen hyzmatlarda üstümizdäki ýylyň ýanwar — mart aýlarynda 13,7 göterimlik ösüş depgini gazanyldy. 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000