Ykdysadyýet

Ykdysadyýet
75 gün 15 sagat öň
Sirkulýar ykdysadyýete

ŞWESIÝA

KOROLLYGY

Şwesiýa Korollygy Ýewropa Bileleşiginiň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzasy, senagat taýdan ösen, ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerine sarp edilýän çykdajylar boýunça dünýäniň ilkinji 20 ýurdunyň hataryna girýän, Global innowasion indeksiň reýtinginde (2022ý.) 3-nji orny eýeleýän döwlet hökmünde tanalýar. Ýurduň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklaryna dag-magdan, tokaý hojalygy, agajy gaýtadan işlemek, metallurgiýa, maşyn gurluşygy we energetika senagaty degişlidir. Şwed ykdysadyýeti özüniň köp ugurlydygy, eksporta gönükdirilendigi, maýanyň köp möçberde jemlenendigi, ýokary hünärli işçi güýjüne eýedigi, bäsdeşlige ukyplydygy, söwdany we işewürligi alyp barmakda açyklygy hem-de erkinligi bilen tapawutlanýar. Önümleriň 90 göterim töweregi «Ericsson AB», «SKF», «Alfa Laval Group», «IKEA», «AGA», «Dyno Nobel» ýaly hususy kompaniýalar tarapyndan öndürilýär. «Legatum» britan analitik institutynyň maglumatyna görä, 2023-nji ýylda Şwesiýanyň gülläp ösüş indeksi dünýäde iň ýokary ýurtlaryň biri hökmünde kesgitlenýär. Bu reýtingde Şwesiýa ikinji orny eýeleýär.

Köp ýurtlarda bolşy ýaly, Şwesiýa hem döwlet derejesinde işewürligi sirkulýar ykdysadyýetine geçirmek we daşky gurşawy netijeli goramak babatynda hereketleri goldaýar hem-de höweslendirýär. Bu ýurt sirkulýar ykdysadyýetini ösdürmek boýunça birnäçe ugurlarda işleri alyp barýar. Alnyp barylýan işlere laýyklykda, Şwesiýa «ýaşyl» ösüşe we sirkulýar ykdysadyýetine geçmekde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna girýär.

Şwesiýa 2045-nji ýyla çenli zyňyndylary nola getirmegi maksat edinýär. Şeýle maksada ýetmegiň açaryny ýurduň hökümeti sirkulýar ykdysadyýetine geçmekde görýär. Şwesiýanyň galyndylary dolandyrmakda baý tejribesi bar. Bu ýurduň ykdysadyýetinde dürli pudaklaryň kompaniýalaryny we kärhanalaryny birleşdirýän özbaşdak «ekologik» sektor döredilip, ol durnukly ösüşiň möhüm meselelerini çözmek bilen birlikde, galyndylary düýpli gaýtadan işlemek we energiýany öndürmek arkaly ýokary goşmaça gymmatyň emele getirilmegini üpjün edýär.

Açyk internet maglumat çeşmelerine görä, Şwesiýada her ýylda 140 — 170 million tonna galyndy emele gelýär. Şol galyndylaryň 110 — 140 million tonna töweregi dag-magdan senagatyna we 4 million tonnadan gowragy öý hojalyklaryna degişlidir. Galyndylaryň islendik görnüşi ikilenç çig malyň, energiýanyň we ýokumly maddalaryň möhüm çeşmesi diýlip hasaplanýar. Galyndylary gaýtadan işlemek we ýok etmek işini meýilnamalaşdyrmaklyga jemgyýetiň kadaly hereket etmeginiň wajyp gurluş wezipesi hökmünde baha berilýär we döwlet derejesinde amala aşyrylýar. Döwlet tarapyndan meýilleşdirilýän çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýerli dolandyryş edaralaryň derejesinde kabul edilýän bazar mehanizmleri we salgyt gurallary arkaly gazanylýar.

Galyndylary gaýtadan işlemegiň infrastrukturasy ýylylyk we elektrik energiýasyny öndürýän 36 sany ýylylyk elektrik stansiýasyny hem-de ýylylyk elektrik merkezlerini, ikinji gezek sortlamak, çig mallary almak we galyndylary gömmek üçin niýetlenen 97 sany meýdançany (poligony), 52 sany galyndylary biologik taýdan gaýtadan işleýän stansiýany, şeýle hem ilatdan öý galyndylaryny kabul etmek üçin 180 müňden gowrak dürli nokady we stansiýany öz içine alýar.

Gömülýän galyndylaryň möçberi ýylyň-ýylyna azalýar. Şeýle üstünligiň esasynda galyndylary dolandyrmagyň netijeli kanunçylyk kadalaşdyrmasy ýatýar. Bu ugurda kanunçylyk binýadynyň emele getirilmeginiň Şwesiýada beýleki Ýewropa ýurtlaryna garanyňda, has ir başlanandygyny bellemek zerurdyr. Geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan bäri, önümçilik hem-de galyndylary dolandyrmagyň tehnologiýalarynyň ösüşi, adam işjeňliginiň daşky gurşawa täsiri we tebigat barada täze bilimler göz öňünde tutulyp, kanunçylyk namalary yzygiderli kämilleşdirilip gelinýär.

1969-njy ýylda Şwesiýada «Daşky gurşawy goramak hakynda» kanun kabul edilýär. Kanun suwy we howany dürli hapalanmalardan goramak bilen baglanyşykly meseleleri kadalaşdyrýar. Oňa ekologik düzgünleriň bozulmagy üçin jerimeler we şahsy jogapkärçilik ulgamy girizilýär. «Daşky gurşawy goramak hakynda» kanun Şwesiýanyň kanunçylyk tejribesinde ilkinji gezek ol ýa-da beýleki howply önümçilige başlamaga rugsat berýän ölçegleriň sanawyny kesgitleýär, şeýle hem ekologik çygrynda «ýetirilen zyýan» we «oňaýsyzlyk» düşünjeleriniň çägini berk belleýär, senagat kärhanalarynyň eýelerine daşky gurşawyň bolup biljek ähli ýaramaz netijelerini mümkin boldugyça göz öňünde tutmaga we olary öz wagtynda aradan aýyrmaga borçly edýär.

1979-njy ýylda Şwesiýada zir-zibili gaýtadan işlemek üçin haryt öndürijileriň jogapkärçiligini düzgünleşdirýän «Galyndylar hakynda» kanun (1979:596 we oňa goşmaçalar) kabul edilýär. Kanuna laýyklykda, öndürijiler öndürýän, import edýän ýa-da satýan önümleriniň galyndylarynyň ýa-da gaplarynyň ýygnalmagyny, gaýtadan ulanylmagyny, gaýtadan işlenilmegini ýa-da olaryň diňe daşky gurşawa az täsir edýän beýleki usullar bilen işlenilmegini üpjün etmelidirler. Şeýle hem öndürijiler harytlary belgilemeklige borçlanýarlar, islendik harydyň nähili sortlanylmalydygy barada ýazgy arkaly görkezmelidirler, harydy gaýtadan ulanmagyň we gaýtadan işlemegiň derejesi, ony ýok etmek üçin beýleki şertler barada maglumaty bermelidirler. Kärhananyň batmagy, önümçiligiň üýtgedilmegi we ş.m. ýagdaýlar ýüze çykan halatynda öndürijiniň önüminiň ykbaly üçin jogapkärçiligi öndürijiniň harytlaryny ätiýaçlandyran ätiýaçlandyryş guramasy öz üstüne alýar. Öndüriji bu maksatlar üçin öňünden maliýe serişdelerini göz öňünde tutmalydyr. Maliýe serişdeleriniň möçberi hasaplananda, harydyň hyzmat ediş möhletine we ony geljekde gaýtadan işlemek üçin çykdajylara esaslanylýar. Şeýle hem öndüriji bazara çykarýan harytlarynyň mukdary barada döwlete, ýagny Şwesiýanyň Daşky gurşawy goramak gullugyna hasabat bermelidir.

Şwesiýada şu aşakdaky harytlaryň topary üçin gaýtadan işlemek babatynda öndürijileriň jogapkärçiligi ýörite kanunlar arkaly düzgünleşdirilýär:

– awtoulag tekerleri (tekerleri öndürijiniň jogapkärçiligi hakynda kanun 1994:1236);

– kagyzlar (kagyzlar üçin öndürijiniň jogapkärçiligi hakynda kanun 1994:1205);

– awtoulaglar (awtoulaglary öndürijiniň jogapkärçiligi hakynda kanun 2007:185);

– elektrotehniki we elektron enjamlary (elektrotehniki we elektron enjamlary öndürijiniň jogapkärçiligi hakynda kanun 2005:209);

– elektrik batareýalary (batareýalar üçin öndürijiniň jogapkärçiligi hakynda kanun 2008:834);

– radioaktiw önümler (radioaktiw önümleri öndürijiniň jogapkärçiligi hakynda kanun 2007:193).

2009-njy ýylyň 15-nji dekabryndan başlap, ýurtda derman serişdelerini öndürijileriň jogapkärçiligi hakynda kanun (2009:1031) hereket edýär. Bu kanunyň düzgünlerine laýyklykda, dermanhanalar möhleti geçen dermanlary hökmany ýygnamaklyga borçludyrlar. Şol dermanlar ýörite ýakylýan zawodlara iberilýär.

Şwesiýa 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Ýewropa Bileleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Şondan soň zir-zibilleriň gaýtadan işlenilmegini kadalaşdyrýan Şwesiýanyň kadalaşdyryjy hukuk binýady Ýewropa Bileleşiginde hereket edýän kadalara we dügünlere laýyk getirilýär. Häzirki wagtda zir-zibilleri gaýtadan işlemek çygryndaky Şwesiýanyň milli kanunçylygy Ýewropa Bileleşiginiň şu aşakdaky Direktiwalaryna esaslanýar:

– «Galyndylar hakynda» 2008/98/ЕС Direktiwa;

– «Möhleti geçen elektrik we elektron enjamlar hakynda» 2002/96/ЕС Direktiwa;

– «Senagatyň gazyp alýan pudaklarynyň galyndylarynyň dolanyşygy hakynda» 2006/21/ЕС Direktiwa;

– «Galyndylary ýakmak hakynda» 2000/76/ЕС Direktiwa.

Ýewropa Parlamentiniň we Ýewropa Geňeşiniň «Galyndylar hakynda» 2008/98/ ЕС Direktiwasynyň düzgünleri 2011-nji ýylyň tomsunda Şwesiýanyň kanunçylygyna girizilenden soň, galyndylaryň dolandyryş ulgamy bäş basgançakly ileri tutulýan ugurlara bölünýär:

birinji basgançak – galyndylaryň mukdaryny azaltmak;

ikinji basgançak – önümleri we harytlary ikilenç ulanmak;

üçünji basgançak – materiallary (aýnalary, metallary we ş.m.) ikilenç ulanmak maksady bilen, galyndylary gaýtadan işlemek;

dördünji basgançak – gaýtadan işlemegiň beýleki usullaryny ulanmak (mysal üçin, energiýany öndürmek);

bäşinji basgançak (ahyrky çäre) – galyndylary gömmek.

Galyndylary gaýtadan işlemek boýunça Şwesiýanyň milli kanunçylygynyň ösüşinde ýurduň dört sany esasy kanunlarynyň biri bolan Ekologik Kodeksiniň (SE 808:1998) 1999-njy ýylda güýje girizilmegi möhüm orny eýeleýär. Kodeks daşky gurşawy aýawly saklamak we goramak bilen baglanyşykly ähli meseleleri düzgünleşdirýän kanunçylygyň binýady hökmünde çykyş edýär. Ekologik Kodeksi, öz gezeginde, «Daşky gurşawy goramak hakynda» kanuny çalyşýar we ýurtda sirkulýar ykdysadyýeti konsepsiýasynyň emele getirilmegine itergi berýär.

Galyndylaryň gömülýän mukdaryny azaltmak maksady bilen, 2000-nji ýylda Şwesiýada «Galyndylara salgyt salmak hakynda» kanunyna (1999:673) laýyklykda, gömülýän galyndylar üçin ýörite salgyt girizilýär. Bu salgydy girizmegiň maksady tebigata iň az ýaramaz täsir edýän usullary ulanmak bilen, gaýtadan işlemegiň bähbidine galyndylary gömmekden saklanmagy höweslendirmekdir. Geljek uzak möhletde bu kanunyň esasy wezipesi öndürijileri we alyjylary degişlilikde, gömülmegi talap etmeýän önümleri öndürmäge hem-de saýlamaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Soňra 2002-nji we 2005-nji ýyllarda gömülmegi gadagan edýän kanunlar kabul edilýär. Bu kanunlar galyndylary ýakmak arkaly ýok etmegi, şeýle hem diňe organiki galyndylary gömmegi kadalaşdyrýar. 2006-njy ýyldan başlap, zir-zibilleri ýakýan zawodlara ýakylan öý hojalyk galyndylarynyň her tonnasy üçin 500 şwed krony möçberde salgyt salynýar.

Şwesiýada galyndylary dolandyrmak ulgamynyň ösüşi döwlet gurallaryny ulanmak bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle gurallara öndürijiniň jogapkärçiligi hakynda kanunçylyk namalary, ýerli (şäher) galyndylaryny dolandyrmak meýilnamasy, ýakylýan we organiki galyndylary gömmegi gadagan etmek, galyndylary gömmek we ýakmak üçin salgyt salmak bilen bir hatarda ekologik sektoryna berilýän döwlet goldaw çärelerini hem öz içine alýar.

Döwlet goldawlary, esasan, dikeldilýän çeşmelerden energiýanyň sarp edilmegini höweslendirýän taslamalara berilýär. Mysal üçin, döwlet goldaw çärelerine şu kadalaşdyryjy hukuk namalaryny degişli etmek bolar, ýagny Şwesiýa hökümetiniň biogaz we beýleki dikeldilýän gazlary öndürmek, paýlamak we sarp etmek boýunça çäreleri döwlet tarapyndan goldamak baradaky düzgünnamasyny (2009:938) (biogaz we beýleki dikeldilýän gazlar üçin maýa goýum goldawy); «Energiýa salgyt salmak» hakynda kanuny (1994:1776) (uglerod bitarap ýangyç, ösümlik ýaglary, ýyladyş üçin ulanylýan biogaz üçin energiýa we uglerod salgydyndan boşatmak).

 

(Dowamy bar).

Gulbeşer BABAÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň

ylmy işler boýunça prorektory,

ykdysady ylymlarynyň kandidaty.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000