Ykdysadyýet

Ykdysadyýet
60 gün 12 sagat öň
Eksport-import amallary

 Çünki Hytaý Halk Respublikasy ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda öndürilýän önümleri eksport we import etmekde dünýäniň iň öňdebaryjy döwleti hasaplanýar. 2022-nji ýylyň netijelerine görä, Hytaý eksportyň umumy mukdary boýunça 1-nji, importyň umumy mukdary babatda dünýäniň 2-nji ýurdy hökmünde hasaba alyndy. Anyk aýtsak, şol ýyl ýurt umumy mukdary 3,73 trillion amerikan dollarlyk harydy daşarky bazarlara çykaryp, bu babatda dünýäniň öňbaşçysy boldy. Ýeri gelende bellesek, 2017 — 2022-nji ýyllar aralygynda ýurduň eksporty 1,17 trillion amerikan dollary möçberinde ýokarlanyp, 2,56-dan 3,73 trillion amerikan dollaryna çenli ýokarlandy.

Ýurduň esasy eksport önümlerine ýaýlyma goýberiş enjamlary (272 milliard amerikan dollary), integrirlenen shemalar (212 milliard amerikan dollary) kompýuterler (181 milliard amerikan dollary), ofis ulaglarynyň ätiýaçlyk şaýlary (111 milliard amerikan dollary), ýarymgeçirijiler (70,2 milliard amerikan dollary), elektrik batareýalary (58,7 milliard amerikan dollary) degişli bolup, olar Gonkonga, Ýaponiýa, Germaniýa, Koreýa Respublikasyna ugradylýar. Ýeri gelende aýtsak, Hytaý 2022-nji ýylda ady agzalan harytlary eksport etmekde dünýäniň iň öňdebaryjy döwleti boldy. Şeýle-de Hytaý şol ýyl çig nebiti, integrirlenen shemalary, demir we mis magdanyny, soýany import etmekde dünýäniň lideri hökmünde öňe saýlandy.

Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň maý aýynda Hytaý ykjam telefonlary, kompýuterleri, integrirlenen shemalary, awtoulaglary eksport etmekde, integrirlenen zynjyry, çig nebiti, demir magdany, altyny, nebit gazyny import etmekde dünýäniň öňdebaryjysy boldy. Hasabat döwründe ýurduň eksporty 302 milliard amerikan dollaryna, importy 220 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkezijiler 2023-nji ýylyň maý aýynda degişlilikde, 283 we 218 milliard amerikan dollaryna barabar bolupdy.

Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasy turbageçiriji arkaly türkmen gazyny iň köp import ediji döwlet hasaplanýar. Hytaýyň gümrük gullugynyň hasabatyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda türkmen-hytaý özara söwda dolanyşygy 2 milliard 598 million 884 müň amerikan dollaryna deň boldy. Diňe üstümizdäki ýylyň mart aýynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda 818 million 207 müň amerikan dollarlyk söwda dolanyşygy hasaba alyndy. Ýeri gelende bellesek, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň esasy bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Has anyk aýtsak, şu ýylyň ilkinji aýynda Türkmenistan Çyn-Maçyna 2 milliard 385 million 944 müň amerikan dollarlyk haryt eksport etdi. Hasabat döwründe ýurdumyz Hytaýdan 212 million 940 müň amerikan dollaryna deň bolan «Made in China» haryt nyşanly önümleri import etdi.

Maglumat üçin, Hytaý Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý ugry boýunça ýyllyk 55 milliard kub metr türkmen gazyny import edýär. 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlary aralygynda 2,4 milliard amerikan dollarlyk türkmen gazyny satyn aldy.

Häzirki wagtda ýokary hili, elýeterli bahasy bilen tapawutlanýan «Made in China» haryt nyşanly önümler dünýäniň bazar gatnaşyklarynyň, şol sanda ýurduň ykdysady kuwwatynyň ösmegine uly itergi berýär. 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000