«EastFruit» portaly dünýä badamjan bazary baradaky täze hasabatyny yglan etdi. Hasabat 2023-nji ýylyň jemleri boýunça maglumaty öz içine alýar. Oňa laýyklykda, geçen ýyl dünýä ýurtlary badamjanyň 458 müň tonnadan gowragyny eksport edipdirler. Şonuň üçden birinden gowragy, has takygy, 163 müň tonnasy Ispaniýanyň paýyna düşýär. Häzirki wagtda bu ugurdaky dünýä eksportynyň 35,6 göterimi Ispaniýa tarapyndan amala aşyrylýar.
Şeýle-de badamjanyň esasy eksport edijileriniň ilkinji bäşliginden Meksika (82,1 müň tonna), Niderlandlar Patyşalygy (54,7 müň tonna), Türkiýe (31,2 müň tonna) hem-de ABŞ (24 müň tonna) orun alypdyr.
Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda Ispaniýanyň badamjan eksportyndan gazanan girdejisi 205,9 million amerikan dollaryna deň bolupdyr.
biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792
Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000
© Ähli hukuklar goralan.