Ykdysadyýet

Ykdysadyýet
49 gün 13 sagat öň
«LVMH» kompaniýasynyň arassa peýdasy 14 göterim azaldy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda «LVMH» kompaniýasynyň girdejisi 1 göterim, arassa peýdasy bolsa 14 göterim azaldy. Hasabat döwründe kompaniýanyň arassa peýdasy 7,27 milliard ýewro barabar boldy. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 8,48 milliard ýewro deň bolupdy. Kompaniýanyň 2024-nji ýylyň deslapky ikinji çärýegindäki girdejisi bolsa 560 million ýewro azalyp, 41,68 milliard ýewro boldy.

Ý y l y ň  b i r i n j i ýarymynda «LVMH» kompaniýasynyň esasy harytlary bolan moda lybaslarynyň we deriden taýýarlanylan önümleriň söwdasy 2 göterim azalyp, 20,7 milliard ýewro deň bolupdyr.

Taýýarlan: Serdar SAMATOW, TDMG-niň harby gullukçysy, kapitan.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000