Ykdysadyýet

Ykdysadyýet
75 gün 16 sagat öň
Türkmenistan Hytaýa tebigy gazy ugratmakda öňdebaryjylygy eýeleýär

Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly tebigy gazy ugratmakda öňdebaryjylygy eýeleýär. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, TASS habarlar gullugy penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Hytaý şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda umumy bahasy 4 milliard amerikan dollaryna barabar bolan türkmen ga­zyny import etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär.

Hytaý şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda jemi bahasy 2,4 milliard amerikan dollaryna deň bolan türk­men tebigy gazyny import edipdi.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000