Ykdysadyýet

Ykdysadyýet
60 gün 12 sagat öň
Transserhet elektron söwdasy

Bu günki gün dünýä ykdysadyýetiniň arka direýän ugurlarynyň biridir. Munuň özi dürli ýurtlaryň arasynda haryt satuwlaryny we hyzmatlary amala aşyrmaklyga ýöriteleşen platformadyr. Global dünýäde söwdanyň bu ugry «e-commerce» diýlip atlandyrylýar. Dünýäniň ykdysady berdaşly döwletleriniň biri bolan Hytaý Halk Respublikasy elektron söwda ulgamynyň öňbaşçysydyr. 2023-nji ýylyň netijeleri boýunça Hytaýyň degişli ugurdaky girdejisi 935,1 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Deňeşdirmek üçin aýtsak, degişli döwürde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu bazardaky girdejisi 910,4 milliard amerikan dollaryna deň boldy.

Hytaý Halk Respublikasynda ähli ulgamlarda sanlylaşmagyň ýokary depginde alnyp barylmagy ady agzalýan elektron söwdanyň pajarlap ösmegine getirdi. Jemgyýetde sanlylaşmak medeniýetini ýokary derejede kemala getirmegi Hytaýyň bu ugurdaky ýene bir artykmaçlygydyr. Çünki hytaýly alyjylaryň 81 göterimi islendik bir harydy almazdan ozal, ony elektron söwda platformalarynda baha, hil we elýeterlilik babatda seljerýärler. Hytaýlylaryň 61 göterimi dolulygyna diýen ýaly, öz söwdalaryny «sanly dünýäde» edýärler. Elektron söwdada Hytaýyň gazanan öňegidişligi dünýäniň iri kompaniýalaryny özüne çekýär. Munuň özi ýurda goýulýan maýa goýumyň möçberini artdyrmakda oňyn ähmiýete eýedir.

 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000