Ykdysadyýet

Ykdysadyýet
15 gün 7 sagat öň
Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi:

ŞWESIÝA KOROLLYGY

Sirkulýar ykdysadyýetiň ösmeginde galyndylary dolandyrmak ulgamynyň netijeli ýola goýulmagy aýratyn orny eýeleýär. Şwesiýada galyndylary dolandyrmak, gaýtadan işlemek we ýok etmek çygrynda ýokary netijeleri gazanmak raýatlaryň bu işe işjeň we jogapkärçilikli gatnaşmaklary arkaly mümkin bolýar. Raýatlar ýa-da öý hojalyklary galyndylary dolandyrmak ulgamynyň ilkinji we iň möhüm bölegi hasaplanýar. Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, galyndylaryň islendik görnüşi sortlanan tertipde kabul ediş nokatlaryna hökmany tabşyrylýar, mysal üçin, aýratynlykda galyndy kagyzlar, plastmassa, kagyz, metal, açyk we reňkli aýna gaplary, elektrik galyndylary, batareýalar, uly göwrümli galyndylar we ş.m.

Öý hojalyklaryna galyndylara özbaşdak eýelik etmäge, sortlanmadyk tertipde tabşyrmaga, niýetlenilmedik ýerlere taşlamaga rugsat berilmeýär. Sortlamak mümkinçiligi bolmadyk öý hojalyk galyndylaryna ýangyç hökmünde seredilýär. Galyndylary kabul ediş nokatlar iki derejä bölünýär: jemgyýetçilik kabul ediş we öndürijileriň kabul ediş nokatlary.

Jemgyýetçilik kabul ediş nokatlary. Her bir şwed kommunasynyň (ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň ýa-da ýerli häkimiýetiň) ýerleri arassa saklamak, şeýle hem galyndylary ýygnamak we gaýtadan işlemek boýunça özbaşdak uzakmöhletleýin çäreleriň meýilnamasy bar. Meýilnama laýyklykda, sortlanan öý galyndylaryny kabul edýän nokatlar ýaşaýjylar üçin iň amatly we şol bir wagtyň özünde daşamak babatda elýeterli ýerlerde ýerleşdirilýär. Galyndylary kabul ediş nokatlary, olary sortlamagyň we tabşyrmagyň usullary baradaky maglumatlar kommunanyň her bir ýaşaýjysy üçin açyk elýeterlidir. Kommuna öz güýjüne operator-kompaniýalary çekmek bilen, galyndylary yzygiderli daşamagy we gaýtadan işlemegi yzygiderli guraýar. Kommunalaryň aglabasy galyndylary daşamagy guramak üçin ýöriteleşdirilen operator-kompaniýalaryň hyzmatyndan peýdalanýarlar, käbiri bolsa özbaşdak operator-kompaniýalary döredýärler. Operator-kompaniýalaryň ählisi öz öňünde peýda almak babatda maksat goýmaýarlar. Olaryň esasy wezipesi daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, galyndylary ýygnamagy, daşamagy we gaýtadan işlemegi üpjün etmekden ybaratdyr.

Her bir kabul ediş nokadynda galyndylary ýygnamak üçin sany 12-ä çenli dürli gaplar goýulýar. Kabul ediş nokatlaryna tabşyryp bolmaýan uly göwrümli galyndylar olary kabul edýän stansiýalara tabşyrylýar. Şol stansiýalara öý hojalygynyň köne ýa-da döwlen mebelleri, beýleki öý goşlary, kesilen agaçlar, metal galyndylary, howply galyndylar, ownuk gurluşyk galyndylary, daşlar we betonlar eltilýär. Käbir kommunalarda boýag, lak, himiki maddalar we elektron galyndylar ýaly dürli howply galyndylary merkezleşdirilen tertipde kabul edýän ekologik stansiýalar bar. Birnäçe kommunalarda bolsa howply galyndylary kabul etmek üçin niýetlenen göçme stansiýalar hereket edýär.

Kommunalaryň galyndylary dolandyrmak bilen baglanyşykly çekýän çykdajylarynyň esasy bölegi zir-zibilleri ýygnamak üçin alynýan ýygymlaryň (tölegleriň) hasabyna maliýeleşdirilýär. Ýygymyň möçberi kommunalar tarapyndan kesgitlenýär. Galyndylary kabul ediş nokatlaryny we stansiýalaryny saklamak hem-de olara hyzmat etmek üçin çykdajylar gaýtadan işleýänlere galyndylary satmakdan alnan girdejiler bilen bölekleýin öwezi dolunýar. Mundan başga-da, döwlet derejesinde kesgitlenen zir-zibilleri ýakýan zawodlara ýakylan öý hojalyk galyndylarynyň her tonnasy üçin 500 şwed krony möçberde salynýan salgydyň degişli bölegi kommunalara gaýtarylyp berilýär.

Öndürijileriň kabul ediş nokatlary. Öý hojalyklary bu nokatlara hyzmat ediş möhleti tamamlanan, döwlen ýa-da zerur bolmadyk batareýalary, elektrik we elektron öý enjamlary hem-de gurluşlary, ulanylan kagyzlary, awtomobil rezin tekelerleri, derman serişdeleri, ýagny gaýtadan işlemek we ýok etmek jogapkärçiligi öndürijiniň üstüne ýüklenen ähli harytlar hökmany tabşyrmalydyrlar. Öz gezeginde, öndürijiler kabul ediş nokatlaryny guramak üçin hereket edýän pudaklaýyn assosiasiýalaryň we ygtyýarly kompaniýalaryň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Olaryň köpüsi has iri kompaniýalar bolup, öz işjeňligini tutuş ýurt boýunça amala aşyrýarlar. Ulanylan awtoulag akkumulýatorlary we tekerleri satyn alnan söwda nokatlaryna yzyna tabşyrmak mümkinçiligi bardyr. 25 sm-den kiçi ölçegdäki zerur däl elektron sarp ediş harytlary täze haryt satyn alnanda, ýöriteleşdirilen söwda nokatlarynda kabul edilýär.

1984-nji ýyldan bäri bölek söwdada ulanylýan plastmassa we alýumin gaplaryny yzyna gaýtarmak ulgamy aýratyn ünsi çekýär. 2005-nji ýyldan bu ulgamy ulanmak ýurt boýunça hökmany ýola goýulýar. Öndürilen we import edilýän bir gezek ulanylýan plastmassa ýa-da alýumin gaplara gaplanan taýýar içgiler, ýagny gazly içgiler, mineral suwlar, arpa suwy we ş.m. ýurduň bölek söwda nokatlarynda diňe girew gaplarynda satylýar. SFS 2005:220 buýruga (görkezmä) laýyklykda, Şwesiýa bazarynda satmak maksady bilen plastik çüýşelerde we alýumin gaplarda taýýar içgileri köpçülikleýin öndürmek ýa-da lomaý import etmek bilen meşgullanýan her bir tarap girewleri belgilemegiň milli ulgamynda hasaba alynmaga degişlidir. 2015-nji ýyldan başlap, tebigy şireleri öndürijiler we 2018-nji ýyldan bolsa şire önümleri öndürijiler ulgama birikmeklige mümkinçilik alýarlar.

Şeýle önümler bölek söwda nokatlardan satyn alnanda, satyn alyjy gabyň bahasyny aýratyn töleýär. Gaba goýlan ýörite belgileriň kömegi bilen, satyn alyjy ony bölek söwda nokadyndaky kabul ediş nokadyna tabşyryp, gabyň bahasyny yzyna alýar. Soňra yzyna satyn alnan gap, öz gezeginde, gaýtadan ulanmak üçin gaýtadan işlemeklige iberilýär.

2016-njy ýylda Şwesiýanyň hökümeti sarp edijileriň özüni alyp barşyna, önümiň gaýtadan ulanylmagyna we senagat simbiozyna ünsi jemleýän, galyndylaryň döremeginiň öňüni almak üçin gaýtadan işlemegi gowulandyrmaga gönükdirilen sirkulýar ykdysadyýetiniň ylmy gözleglerini geçirmek boýunça taslamasyny taýýarlamagy teklip edýär. Geçirilen ylmy gözlegiň netijelerine esaslanyp, Şwesiýanyň hökümeti hasabaty taýýarlaýar. Onda durnukly ösüşe we innowasiýalara, şeýle hem sirkulýar ykdysadyýete geçmäge ýardam bermek üçin hökümet bilen işewürligiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygy beýan edilýär. Sirkulýar ykdysadyýete geçmegi goldamak maksady bilen, 2017-nji ýylda salgyt ulgamy özgerdilip, materiallary gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan kompaniýalara, şol sanda dokma pudagyna salgyt ýeňillikleri berilýär.

2018-nji ýylda ikinji gezek sirkulýar ykdysadyýetiň ylmy gözlegleri geçirilýär. Onuň çäginde senagat we şäher simbiozyny öz içine alýan «Şwesiýada senagat simbiozyny ýaýratmagyň ýol kartasy» işlenip taýýarlanylýar. Senagat simbiozy kompaniýalara resurslary alyşmaga, şäher simbiozy bolsa içki şäher etraplarynyň we pudaklaryň arasynda resurslary özara bähbitli alyşmaga ýardam edýär. Ady agzalan ýol kartasynda senagat kärhanalarynyň we şäherleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin gurallar, hususan-da, milli merkez tarapyndan goldanylýan sebitleýin ösüş merkezlerini döretmek, esasy ugurlarda (mysal üçin, dikeldiş tehnologiýalarynda) bilimleri toplaýan maksatlaýyn toparlary emele getirmek, şeýle hem ýerli we milli hökümetleriň satyn alyş maksatnamalary göz öňünde tutulýar.

Şwesiýada resurs tygşytlaýjy jemgyýete we ýapyk bioykdysadyýete geçmäge ýardam berýän sirkulýar ykdysadyýet boýunça Milli wekiliýet döredilýär. Ol hökümetiň maslahat beriji organy hökmünde çykyş edýär we onuň düzümine işewürligiň, ylmy jemgyýetçiligiň, döwlet sektorynyň wekilleri girýärler. Milli wekiliýetiň işi üç sany ileri tutulýan ugra gönükdirilýär: plastik önümlerini gaýtadan işlemek, döwlet satyn almalary we sirkulýar dizaýn. Sirkulýar ykdysadyýet boýunça Milli wekiliýet milli we döwletara derejede sirkulýar ykdysadyýeti ornaşdyrmak üçin netijeli çäreleri we teklipleri, ýagny önümleriň gaýtadan ulanylmagyna we ömrüni uzaltmaga mümkinçilik berjek, plastik galyndylaryny gaýtadan işlemegiň möçberini we ekologiýa taýdan arassa materiallary ulanmagyň paýyny ýokarlandyrmaga niýetlenen täze işewürlik modellerini işläp düzýär.

2020-nji ýylda Şwesiýanyň hökümeti jemgyýetiň uzak möhletli we durnukly ösüşiniň maksatlaryny hem-de ugurlaryny kesgitleýän sirkulýar ykdysadyýetiň milli strategiýasyny tassyklaýar. Bu strategiýa Şwesiýanyň dünýäde gazylyp alynýan ýangyjy ulanmakdan saklanjak ilkinji ýurt bolmagy üçin möhüm başlangyç bolar diýlip garaşylýar. Sirkulýar ykdysadyýetiň milli strategiýasynyň esasy maksady resurslary gaýtadan has netijeli ulanýan we şeýlelik bilen, täze materiallaryň ulanylmagyny çalyşýan şwed jemgyýetini gurmakdyr. Bu ugurda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler täze önümleriň durnukly önümçiligine we dizaýnyna, materiallary sarp etmegiň we ulanmagyň durnukly usullaryny işläp düzmäge, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän önümleri we hyzmatlary döretmäge gönükdirilýär. Sirkulýar ykdysadyýete geçmekde Şwesiýanyň Malmýo we Umea şäherleri has tapawutlanýar.

Şeýlelikde, Şwesiýa Korollygy «ýaşyl» ösüşi üpjün etmekde we sirkulýar ykdysadyýete geçmekde kanunçylyk namalarynyň toplumyna, milli we ýerli strategiýalara, meýilnamalara, ýol kartasyna, döwlet höweslendiriş gurallaryna esaslanýan öňdebaryjy ýurtdur.

Gulbeşer BABAÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň

ylmy işler boýunça prorektory,

ykdysady ylymlarynyň kandidaty.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000