Oba hojalyk

Oba hojalyk
60 gün 14 sagat öň
Ke lem ö nümçiligi we dünýä bazary Kelem öndürmekde öňdebaryjy ýurtlar

Hytaý Halk Respublikasy ýylda 35 092 621,83 tonna bilen dünýäde birinji orunda durýar. Hindistan ýylda 9 560 000 tonna önümçiligi bilen ikinji orny eýeleýär. Kelem öndürmekde Koreýa Respublikasy ýylda 2 473 171,11 tonna bilen dünýäde üçünji ýerde barýar. Russiýa Federasiýasy her ýylda 2 352 800 tonna kelem hasylyny ýygnap, bu oba hojalyk önümini öndürmekde dünýäde dördünji bolup durýar. Ukraina ýylda 1 722 580 tonna kelem öndürýär. Indoneziýa her ýylda 1 434 670,47 tonna kelem ýygnaýar. Ýaponiýa 1 402 286,59 tonna kelem öndürip, bu ugurda dünýäde ýedinji orunda barýar. Keniýa kelemiň 1 099 881,85 tonna önümçiligi bilen sekizinji ýeri eýeleýär. Dokuzynjy orunda Wýetnam 1 024 202,87 tonna hasyly bilen dur. Kelem haýsy witaminlere baý? Kelem А, В1, Р, К, В6, U witaminlere baýdyr. Şeýle-de bakja ekinleriniň içinde С witamine iň baýy-da kelemdir. Ol öz düzüminde C witaminini çigkä-de, gaýnadylyp gaýtadan işlenilenden soňra-da uzak wagtlap saklap bilýär. Şeýle-de bu ýokumly bakja ekininiň düzüminde kükürt, kalsiý, kaliý, fosfor ýaly minerallar, kletçatkalar we suw köp mukdarda saklanýar. Kelemiň haýsy görnüşi has peýdaly? Kelem sortlarynyň iň peýdalysy brokkoli hasaplanýar. Brokkolide ösümlik belogy we C witamini juda köp. Kelemde krahmal hem saharoza düýbünden ýokdur. Orta ululykdaky kelemler diňe öndürmek babatda däl, saklamak üçinem amatlydyr. Bu sortlar turşatmak üçinem, duzlamak üçinem oňaýly hasaplanýar. Kelemiň ata watany Ortaýer deňzi hasaplanýar. Bu ýerde henizem kelemiň örän köp ýabany görnüşleri ösýär. Umuman, kelemiň 100 töwerek görnüşi bolup, olaryň käbiri medenileşendir. Bu ekiniň medenileşdirilen görnüşiniň iň giň ýaýrany we gadymysy bakja ýa-da koçannyý kelemidir. Adam saglygyna peýdaly bakja ekininiň bu görnüşini daş asyrynda-da iýipdirler, gadymy müsürliler hem ondan dürli tagamlary taýýarlapdyrlar. Aziýa sebitine bolsa Gara deňziniň kenarýakasynda ýaşaýan grekler arkaly ýaýrapdyr diýilýär. Kelem dünýäniň köp milli aşhanasynda uniwersal bakja ekini hökmünde bellidir. Ol çigligine-de, buglanyp hem iýilýär, işdäaçarlara, çorba hem goşulýar. Kelemiň köp görnüşlerinde aşgazan we içege keselleriniň öňüni alýan, iýmitlerde seýrek gabat gelýän U witamin bardyr. Soňky lukmançylyk barlaglary kelemiň düzümindäki ýokumly maddalaryň düwnük çişiniň ösüşini haýalladýandygyny ýüze çykardy.

Kelemiň dünýä

bazarynda iň geçginli sortlarynyň käbirini

sanap geçeliň:

1. КС 60 F1 (Kitano Seeds)

2. Gloriýa F1 (Syngenta)

3. Gloub Master F1

(Takii Seeds)

4. Bronko F1 (Bejo)

5. Honka F1 (Kitano Seeds)

6. Awante F1 (Lucky Seed)

7. Jintama F1 (Rijk Zwaan)

8. Megaton F1 (Bejo)

9. Kubok F1 (Clause)

10. Toreador F1 (Syngenta

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000