Soňky ýyllarda sebitde ýerli çig malyň hasabyna dürli senagat harytlaryny, şeýle-de gurluşyk önümlerini öndürýän hususy önümçilikleriň sanynyň barha artmagy ýurdumyzda haryt bolçulygynyň döredilmegini üpjün edýär. Şunda önümçilik mümkinçilikleri barha artýan hususy kärhanalaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän «STT» haryt nyşanly gurluşyk harytlaryny öndürýän hususy kärhanasyny görkezmek bolar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, doganlar Sabur we Timur Taşewlere degişli bolan kärhananyň gury gurluşyk harytlaryny öndürýän önümçiliginiň ýyllyk kuwwaty 50 müň tonna barabar bolup, bu ýerde şpatlýowka, gurluşyk harytlary, gurluşyk heki we kafel ýelimi ýaly önümler taýýarlanylyp, ýylyň dowamynda önümiň ortaça 10 — 12 müň tonnasy ýurdumyzyň sarp edijilerine, galany bolsa daşary ýurtlara ugradylýar. Häzirki zaman tehnologiýalary arkaly dolandyrylýan zawodda öndürilýän gipsokarton önümçiliginiň ýyllyk kuwwaty 2 million inedördül metr önümi taýýarlamaga niýetlenilendir. Bu ýerde önümiň 4 görnüşi taýýarlanylyp, onuň 500 müň inedördül metri ýurdumyzyň içerki bazarynda ýerlenilýär.
Hili boýunça dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän kärhananyň beýleki önümleri bilen bir hatarda, demir-beton önümlerine bolan isleg hem barha artmak bilen. Önümçilikde taýýarlanylýan binýatlyk bloklar, beton plitalar, demir-beton daşlary ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýar. Hususy kärhanada bir ýylyň dowamynda 1500 — 1600 kub metr demir-beton önümleriniň önümçiligi amala aşyrylýar. Hususy önümçilikde öndürilýän önümleriň Täjigistan, Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Özbegistan ýaly döwletlere eksport edilýändigi aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr.
«STT» haryt nyşanly gurluşyk harytlaryny öndürýän bu hususy kärhanada gurluşyk harytlary bilen bir hatarda, nahar daş duzunyň we duz önümleriniň önümçiligi-de alnyp barylýar. Şeýle-de hususy kärhanada ýodlaşdyrylan nahar duzunyň hem-de senagatda ulanmak üçin daş duzundan plita örtgüleriniň önümçiligi-de amala aşyrylýar. Ýylyň dowamynda bu ýerde duz we duz önümleriniň ortaça 500 — 600 tonnasy taýýarlanylyp alyjylar köpçüligine hödürlenilýär. Bir söz bilen aýdanymyzda, köpugurly kärhananyň önümçilik düzümi gury gurluşyk, gipsokarton, demir-beton önümleri, nahar duzudyr duz önümlerini taýýarlamakdan ybaratdyr.
Birnäçe önümçiligi bir wagtda üstünlikli alyp barýan kärhananyň işleriniň mundan beýläk hem pajarlamagyny arzuw edýäris
Sadap MUHAMOWA, «Biznes reklama».
biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792
Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000
© Ähli hukuklar goralan.