Jemgyýet

Jemgyýet
152 gün 11 sagat öň
Ekologiýa abadançylygyny nazarlaýan işewürlik

Dokma senagaty, azyk harytlarynyň önümçiligi, söwda we hyzmatlar ulgamy ýaly dürli ugurlarda iş alyp barýan döwlet hem-de hususy kärhanalarynyň talaplary esasynda taýýarlanylýan önümler dürli şekillerdir bezegler bilen bezelýär. Hytaý Halk Respublikasynyň we Türkiýäniň innowasion enjamlary ornaşdyrylan kärhanada 120-ä golaý iş orny döredilip, her aýda 600 tonna barabar önüm öndürilýär.

Içerki we daşarky bazaryň şertlerini göz öňünde tutup, alyp barýan işlerini yzygiderli kämilleşdirýän «Toprak» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň karz serişdeleriniň hasabyna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde gurlan täze önümçilik toplumyny işe girizdi. 5 gektar meýdany eýeleýän kärhanada ýerli çig maly, ýagny ýurdumyzyň dürli sebitlerinden toplanyp getirilýän kagyz galyndylaryny gaýtadan işlemek arkaly gasynly kartonyň önümçiliginde peýdalanylýan kagyz öndürilýär. Raýatlar we degişli ugurda işleýän telekeçiler tarapyndan toplanan kagyz galyndylarygaýtadan işlenilýär.

Kagyzy gaýtadan işlemek birnäçe tapgyry öz içine alýar. Gaýtadan işlenilen sellýuloza täzeden kagyza öwrülip, 300-den 500 kilograma çenli agyrlykdaky toplara bölünýär. Bu ýerde gaýtadan işlenilýän kagyzyň esasy bölegi Büzmeýin etrabyndaky gasynly karton öndürýän kärhana ugradylýar. Bu önümleriň Özbegistan, Azerbaýjan, Türkiýe ýaly ýurtlara eksportynyň ýola goýulmagy bolsa olaryň ýokary hillidigine şaýatlyk edýär.

«Toprak» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzyň ösen önümçiligi we işewürligi bilen meşhur sebiti bolan Mary welaýatynda hem ýörite kärhanasyny işe girizdi. Bu ýerde işçidir hünärmenleriň 35-si kagyzy gaýtadan işleýän zawoddan ýarym taýýar görnüşinde getirilýän karton gaplara telekeçileriň isleglerine laýyklykda, bezegleri we şekilleri ýerleşdirýär.

Ekologiýa taýdan arassa işewürligiň gerimini barha artdyrýan «Toprak» hojalyk jemgyýeti 2023-nji ýylyň martynda Ahal welaýatynyň Ýaşlyk şäherçesindäki kagyz önümçilik toplumynyň durkuny täzeläp, pagta galyndylaryndan ekologiýa taýdan arassa kagyzy öndürip başlady. Beýik Britaniýadan we Hindistandan ýörite çagyrylan hünärmenleriň ýardam bermeginde Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada ofset, ýazuw, şeýle hem surat çekmäge niýetlenen kagyzyň önümçiligi ýola goýuldy. Täze iş ýerleriniň 230-sy döredilen önümçilik toplumynda müşderileriň sargydyna laýyklykda, islendik agramdaky, galyňlykdaky we ölçegdäki kagyzlar taýýarlanylýar.

«Nowa Eco» ady bilen öndürilýän bu kagyz içerki we daşarky bazarda ýokary islege eýedir. Hojalyk jemgyýetiniň öndürýän kagyzy Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilýän kitaplary taýýarlamakda, ýerli telekeçiler tarapyndan okuw es baplaryny öndürmekde giňden peýdalanylýar.

«Nowa Eco» haryt nyşanly kagyz Germaniýa, Italiýa we beýleki Ýewropa ýurtlaryna eksport edilýär. «Toprak» hojalyk jemgyýetiniň «Nowa Eco» haryt nyşanly kagyzynyň hili halkara standartlaryna doly kybap gelip, onuň önümçiliginde emeli agardyjylar, himiki maddalar peýdalanylmaýar, çig mal üçin tokaý agaçlary çapylmaýar.

Hojalyk jemgyýetiniň bilermenleriniň bellemeklerine görä, pagta galyndylaryndan «Nowa Eco» kagyzynyň bir tonnasynyň öndürilmegi 24 sany agajyň çapylmagynyň, atmosfera kömürturşy gazynyň birnäçe tonnasynyň zyňylmagynyň we 33 kub metre barabar suwuň hapalanmagynyň öňüni almaga oňaýly şert döredýär.

Ýerli çig maldan ýokary hilli önümleri öndürýän «Toprak» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň döredýän şert-mümkinçiliklerinden ruhlanyp, yhlasly zähmet çekmek bilen, uly üstünlikleri gazanýarlar. Kärhana önümçilik kuwwatyny artdyrmagy, ýokary hilli önümleriň öndürilişini giňeltmegi, hususan-da, azyk önümleri üçin niýetlenen kagyz gap-gaçlaryň, bulgurlaryň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär. Bizem ýerli çig maldan importyň ornuny tutýan hem-de içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýän hojalyk jemgyýetine mundan beýläk-de üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

Ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalary peýdalanyp, işewürligi we önümçiligi «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerine laýyklykda alyp barýan kärhanalaryň sany barha artýar. Milli ykdysadyýetiň hususy pudagynda çärýek asyr bäri üstünlikli işläp gelýän «Toprak» ho­jalyk jemgyýeti hem şolaryň biridir. 1999-njy ýylda esaslandyrylyp, ilki söwda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp baran «Toprak» hojalyk jemgyýeti 2005-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýurdumyzda ilkinji bolup kagyz galyndylaryny gaýtadan işlemek arkaly gasynly karton öndürýän kärhanany işe girizýär.

Çary ÇARYÝEW,

Türkmen döwlet medeniýet

institutynyň talyby,

«Biznes reklama».


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000