Jemgyýet

Jemgyýet
158 gün 14 sagat öň
Aşgabatda «Dokmaçylar» medeni merkezi açyldy

25-nji iýunda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi.

Täze medeni merkeziň açylyş dabarasyna medeniýet işgärleri, ýurduň köp sanly raýatlary, paýtagtyň myhmanlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Açylyş dabarada aýdym-sazly çykyşlar, «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa topary tarapyndan ajaýyp tanslar ýerine ýetirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli iberen Gutlag hatyokaldy.

«Dokmaçylar» medeni merkeziniň täze binasynda sazandalar, tansçylar, tutuş topar üçin has ýokary şertlerde döredijilikli işlemäge ähli mümkinçilikler döredildi. Bu sungat ojagyndaky döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tans zallary her bir sungat işgäriniň döredijilikli işlemegine hem-de döretmegine giň ýol açar» diýip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda bellenilýär.

Medeni merkeziň eýwanynda «Dokmaçylar» folklor-etnografik toparynyň sahna lybaslarynyň we bezegleriniň sergisi hem guraldy. Soňra medeni merkeziň öňündäki meýdançada pudagyň aýdym-sazly tans toparynyň gatnaşmagynda konsert boldy.

Gurban BEGALYÝEW,

TDBGI-niň uly mugallymy.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000