Jemgyýet

Jemgyýet
84 gün 11 sagat öň
Medeniýet hepdeligine badalga berildi

22-nji iýunda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän bu iri medeni-köpçülikleýin dabara her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýär. Döredijilik forumynyň maksady halkymyzyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga, milli medeni mirasymyzy ösdürmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge, täze zehinleriň ýüze çykmagyna we halkyň medeni derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir.

Döwrüň iň täze Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda ýaýbaňlandyryldy. Dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Medeniýet ministrliginiň we oňa degişli edara-kärhanalaryň, guramalaryň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Birnäçe gün dowam etjek giň gerimli iri medeni forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Soňra bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi.

Bu ýerde guralan baýramçylyk konserti ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň – dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň we meşhur saz toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Artistleriň çykyşlary bilen utgaşýan wideoýazgylar döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary we özgertmeleri bilen baglanyşykly möhüm ähmiýetli wakalary, ýurdumyzyň medeni durmuşyny şöhlelendirdi.

Günüň ikinji ýarymynda uly şatlyk-şowhun, belent dabara bilen başlanan Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýurdumyzyň muzeý hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda «Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri» atly iş maslahaty geçirildi.

Iş maslahatynda bu ugra degişli çykyşlara giň orun berildi. Medeniýet pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri, şol sanda muzeý işini kämilleşdirmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň usulyýetini guramak bilen baglanyşykly meseleler hünärmenleriň eden çykyşlarynyň esasy temasyna öwrüldi.

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylyp, tomaşaçylara ilkinji gezek görkezilen «Älem nury» atly sahna oýny bu ýerde guralan dabaralaryň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi. Täze sahna eseri Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gününiň çärelerini jemledi.

(TDH).


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000