Jemgyýet

Jemgyýet
167 gün 13 sagat öň
Azyk önümçiligi Buzgaýmak önümçiliginiň irki nusgasy

Gyş ertekisini» ýatladýan, düzümindäki kalsiniň, serotiniň köplügi bilen «şatlyk garmonyny» öndürýän bu tagamy halamaýanymyz ýok bolsa gerek. Dünýäniň ähli ýurtlarynda uly-kiçiniň uly isleg, şatlyk bilen iýýän, gürrüňi ediljek bu tagam, elbetde, buzgaýmakdyr. Aýratyn-da, ol tomus paslynyň iň bir söýgüli höregi hasaplanylýar.

Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň köpelmegi bilen ýurdumyzda bu önümiň görnüşleri-de, önümçiligi-de barha artýar. Lezzetli önümiň önümçiliginiň ýola goýulmagy netijesinde ýurdumyzda buzgaýmak önümleriniň bolçulygy döredildi. Dünýä tejribesine daýanýan işewürler türkmen bazarynda azyk bolçulygyny üpjün etmekde netijeli işleri durmuşa geçirýärler. Şunda ýurdumyzda buzgaýmagyň önümçiligini alyp barýan hususy düzüm­ler barmak büküp sanardan kän. Şolaryň biri-de «Bakjam söwda» hususy kärhanasydyr. Bu hususy kärhana Türkmenistanda iň iri we irki buzgaýmak öndürijileriň hatarynda bellidir.

2009-njy ýylda Annaberdi Agajanow tarapyndan esaslandyrylan «Bakjam söwda» hususy kärhanasynda plombir, süýtli, miweli, kremli, eskimo, şokoladly, wanilli doňdurmalaryň 30 görnüşi öndürilýär. Dürli tagamlar bilen baýlaşdyrylan, göze gelüwli şekiljikler bilen bezelen doňdurmalar plastik, epmeli gaplamalarda, bedrejiklerde we çöpjagazlarda, maşgala üçin 350; 500 gramlyk we 1 kilogram agramdaky gaplarda ilata hödürlenilýär. «Bakjam» haryt nyşanly buzgaýmaklaryň «Jadyly», «Assorti», «Maşa», «Täsin dünýä», «Sowgat», «Alaja» ýaly görnüşlerini agzamak bolar. Önümçilik Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýalary arkaly amala aşyrylýar. Bu döwrebap tehnologiýalar buzgaýmaklaryň hakyky tagamyny saklamaga ýardam edýär.

«Bakjam söwda» hususy kärhanasynyň «Buzgaýmak zynjyryndaky» önümler üçin ýerli we ekologiýa taýdan arassa çig mal ulanylýar. Kärhana täze süýdi daýhan hojalyklaryndan, dykyzlandyrylan süýdi bolsa ýerli önümçilikden üpjün edýär. Beýleki goşundylar Russiýadan we Ýewropa ýurtlaryndan getirilýär.

«Bakjam» haryt nyşanly daşary ýurt önümleriniň ornuny tutýan ýokary hilli, owadan dizaýnly, datly tagamly buzgaýmaklar her bir adamda çagalyk ýatlamalaryny oýarýar. Çagalara bolsa ýakymly pursatlary eçilýär.

«Bakjam söwda» hususy kärhanasynyň şatlyk paýlaýjy buzgaýmaklaryny häzirki wagtda paýtagtymyzda we welaýatlarda ýerleşýän islendik dükanlardan, söwda merkezlerinden tapyp bolýar.

«Bakjam söwda» —

köpugurly önümçilik

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän «Bakjam söwda» hususy kärhanasynyň esasy ugurlarynyň ýene biri ýarym taýýar börekleriň, gaplanan miwe we gök-bakja önümleriniň konserwirlenen önümçiligidir. Kärhana ýarym taýýar börekleriň önümçiligine 2010-njy ýylda, gaplanan miwe we gök-bakja önümleriniň önümçiligine bolsa 2018-nji ýylda başlaýar.

Kärhanada ýarym taýýar börekleriň etli, doragly, ýeralmaly we ysmanakly görnüşleri öndürilip, önümler dürli agyrlykdaky ekologiýa taýdan zyýansyzlandyrylan gaplara gaplanylýar. Taýýar bolan önümler döwrebap sowadyjylarda doňdurylyp, haýal etmän ýerli söwda merkezlerine ugradylýar. Halallygy, elinligi, tagamynyň süýjüligi bilen tapawutlanýan börekler häzirki wagtda alyjylaryň uly islegine eýe boldy.

«Bakjam söwda» hususy kärhanasynyň ýerli telekeçiler tarapyndan ýetişdirilen ekologik taýdan arassa çig maldan taýýarlanylan konserwirlenen önümlerine bolsa marinadlar, pomidor goýutmalary, dürli görnüşli taýýar garbanmalar, huruşlar, marinadly kömelekler, şeýle-de miwe şerbetleri degişlidir. Önümler himiki goşundylar we GMO ulanmazdan taýýarlanylýar.

Bulardan başga-da, kärhana adam saglygyna ýokumly bolan miweleriň doňdurylan görnüşlerini hem öndürýär. Ykjam, dürli agramdaky gaplara gaplanan miwelere ýertudana, gara smorodina, ülje, böwürslen ýaly miweler degişlidir. Önümler öndürilen senesinden soň 9 aýa çenli ulanmaga ýaramlydyr.

Birnäçe ugry bir wagtda alyp barýan we önümçiligibökdençsiz ýerine ýetirýän «Bakjam söwda» hususy kärhanasy geljekde hem önümçilik zynjyryny mundan beý-läk-de uzaltmagy maksat edinýär.

 

«Bakjam söwda» hususy kärhanasynda

her aýda dürli görnüşli önümleriň

ýüzlerçe ton­nasy öndüri-lip, söwda nokatlaryna ugradylýar.

Sahypany taýýarlan:

Sadap MUHAMOWA, «Biznes reklama».


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000