Jemgyýet

Jemgyýet
163 gün 9 sagat öň
«BEREKETLI» — KÄMILLIGE GOL BERÝÄN HOJALYK JEMGYÝETI

Milli haryt nyşanly önümleri öndürýän hususy kärhanalaryňdyr hojalyk jemgyýetleriniň aglabasynyň soňky ýyllarda döredilendigine garamazdan, bu ugurda eýýäm uzak ýyllaryň dowamynda üstünlikli işleýän telekeçiler hem bar. Şolaryň biri hem 1992-nji ýylda esaslandyrylan «Bereketli» hojalyk jemgyýetidir.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir. Ýurdumyzyň telekeçileri ähli ugurlarda innowasion usullary özleşdirmek boýunça baý tejribe toplap, häzirki döwürde täze tehnologiýalary önümçilige işjeň ornaşdyrýarlar. «Bereketli» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri muňa aýdyň mysaldyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýän oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň ösüş depgini barha ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň goldamagynda häzirki wagtda ýurdumyzda telekeçileriň onlarçasy şöhlat we beýleki et önümleriniň ençeme görnüşini öndürip, halkymyza hödürleýärler. Şolaryň arasynda ilkinjileriň hatarynda ýokary hilli şöhlat önümlerini öndürýän hususy düzüm «Bereketli» hojalyk jemgyýetidir.

«Bereketli» hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda çaýlaryň 25-e golaý, şöhlat önümleriniň 60-dan gowrak görnüşini alyjylara hödürleýär. Hojalyk jemgyýetiniň döwrebap önümçilik binasy bolsa 2010-njy ýylda işe girizilip, onuň önümçilik sehiniň ýyllyk kuwwatlylygy 1800 tonna şöhlat öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümçilik kärhanasynyň açylyş dabarasyna Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynyň ýatdan çykmajak waka bolup, geljekki ösüşlere badalga berendigini hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri buýsanç bilen belleýärler.

Döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kärhanada öz işine ussat hünärmenler zähmet çekýärler. Önümçilikde ulanylýan çig mallar ýokary hilli bolup, azyk önümleri, esasan, ýerli maldarlaryň we telekeçileriň idedýän iri mallarynyň etinden taýýarlanylýar. «Bereketli» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda taýýarlanylýan ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa, halkara hil ülňülerine laýyk gelýän önümler amatly bahasy bilen tapawutlanyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýar. Hojalyk jemgyýetinde şöhlat önümleriniň jemi 60-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Olar gaýnadylan, ýarym kakadylan, kakadylan önümlerdir. «Bereketli», «Ýakymly», «Buýsanç», «Gökdepe», «Umyt», «Enar», «Arzyly», «Çaý teýi», «Gündelik», «Laçyn», «Käkilik», «Horaz», «Perganat» we «Ertirlik» ýaly haryt nyşanly şöhlat önümleri sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanýar. Kärhanada guş etinden ýörite taýýarlanylan şöhlatlaryň «Han» we «Çag» görnüşleriniň öndürilip başlanmagy bolsa, «Bereketli» hojalyk jemgyýetiniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalaryna özboluşly sowgat boldy.

«Bereketli» hojalyk jemgyýeti gaplanan gök we gara çaýlary hem halkymyza hödürleýär. Halkymyzda gündelik iýmitiň düzüminde çaýlaryň dürli görnüşleri yzygiderli içilýär. Şolaryň arasynda gök çaýa aýratyn ähmiýet berilýär. Gök çaýyň peýdaly taraplary geçirilen köp sanly ylmy barlaglaryň netijesinde subut edilendir. Gök çaý adamyň özüni duýşuna oňaýly täsir edýär. Onuň düzüminde 300-den gowrak himiki elementler bolup, uglewodlar, beloklar, witaminler, kalsiý, magniý, marganes, natriý we beýleki birleşmeler ýüze çykaryldy. Şonuň üçin hem gök çaý adam bedeniniň ähli ulgamyna oňaýly täsir edýär. Çaý içmegi ata-babalarymyz nepesiňi durlamak hasap edipdirler. Çaý içilende, adamyň şähdiniň açylyp, onuň oniki süňňüniň ynjalyk tapýandygyna ynanypdyrlar. Sähel ynjalyksyzlygy çaý içip ýeňip bolýandygyna bil baglapdyrlar.

Şöhlatlary, del tagamly et önümleri, gök we gara çaýlary, et ýapmalary hem-de ýarym taýýar et önümleri bilen halkymyza 32 ýyldan gowrak wagt bäri hyzmat edip gelýän «Bereketli» hojalyk jemgyýeti harytlaryny ýerlemekde hem özboluşly çemeleşmesi bilen tapawutlanýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde bu hojalyk jemgyýetiniň ýöriteleşdirilen dükanlarynyň 20-ä golaýy hereket edýär. Önümçilik kärhanasynda taýýarlanylýan et we şöhlat önümleri sowadyjy ulgamlar bilen üpjün edilen ýörite awtoulaglar arkaly söwda nokatlaryna ýetirilýär.

Ýokary hilli we köp dürli önümçiligiň üstünlikli ýola goýulmagy öňdebaryjy dünýä tejribesiniň yzygiderli öwrenilmeginiň, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň, önümçilige täzeçillikleriň netijeli ornaşdyrylmagynyň miwesidir. «Bereketli» hojalyk jemgyýeti şeýle üstünlikleri gazanmak üçin Daniýa, Slowakiýa, Polşa, Hindistan ýaly döwletleriň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän sergilerde önümleriň hili üçin diplomlaryňdyr şahadatnamalaryň 40-dan gowragyna mynasyp bolmagy hem hojalyk jemgyýetiniň diňe bir ýetilen sepgitleri saklamak bilen çäklenmän, eýsem, yzygiderli kämilleşmäge ymtylýandygyny tassyklaýar.

Döwletimiziň berýän goldawyndan we döredýän ýeňilliklerinden ruhlanyp, tutanýerli zähmet çekýän hojalyk jemgyýetiniň agzybir işgärleri halkymyza ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda amala aşyrylýan asylly işlere mynasyp goşant goşmak ugrunda mundan beýläk hem yhlas-başarnyklaryny, gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar.

Çary ÇARYÝEW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Biznes reklama».


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000