Syýasat

Syýasat
154 gün 19 sagat öň
Arkadag şäheri – geljegiň şäheriniň şanyna dabaralar

29-njy iýunda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna möhüm sahypa bolup ýazylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylanyna bir ýyl boldy. Bu şanly waka mynasybetli bu ýerde dabaraly çäreler we baýramçylyk maslahaty geçirildi.Şol gün Arkadag şäherinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen ýaşaýjylar jaý toýuny tutdular.

«Akylly» öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Munuň özi öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamydyr. Ol internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär.


Günüň ikinji ýarymynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Forumyň dowamynda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, watandaşlarymyzy ýyldyz baradaky maglumat bilen tanyşdyrmak maksady bilen, asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamany, şeýle hem teleskopy we onuň düşüren suratlaryny ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurmak barada çözgüt kabul edildi.

Dabara gatnaşyjylar ähli bilim işgärlerini, uniwersitetiň professor-mugallymlaryny hem-de talyplaryny bu ajaýyp waka bilen gutladylar, degişli güwänama gowşuryldy.

Şol gün agşam «Arkadag Binasy» baýramçylyk meýdançasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary boldy.

Tomaşaçylar Türkiýe Respublikasynyň sungat ussatlarynyň çykyşyny uly şowhun bilen garşyladylar. Olar meşhur estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Sözi we sazy türkmen halkynyň Milli Liderine degişli bolan «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!» atly aýdym baýramçylyk konsertiniň jemlenmesine öwrüldi. Ony dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmekleri sungat eseriniň ähmiýetini we täsirliligini artdyrdy. Bu aýdym watansöýüjiligiň, agzybir halkymyza we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza beýik buýsanjyň senasyna öwrüldi.

Merdan ALLAGULYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyň kafedra müdiri.

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000