Syýasat

Syýasat
447 gün 17 sagat öň
«Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

   2023-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri, syýasatşynaslar, professor-mugallymlar hem-de talyplar gatnaşdylar.

        Tanyşdyrylyş dabarada Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary çykyş etdiler. Çykyş edenler «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly kitabyň çap edilmeginiň sebitde heniz deňi-taýy bolmadyk zyýada Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna mynasyp sowgat bolandygyny belläp geçdiler. Arkadag şähere degişli ylym-bilim ojaklaryna we beýleki desgalaryna Türkmen halkynyň taryhda görnükli yz galdyran şahsyýetleriniň atlaryny ebedileşmek maksady bilen dakylandygy hem-de onuň halkyň ruhy dünýäsindäki ähmiýetini agzap geçdiler. Çykyşlarda täze neşir edilen kitapda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlar, täze binalaryň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary nygtaldy. Ýeri gelende belläp geçsek, üç dilde taýýarlanan we ýokary çaphana usulynda neşir edilen bu täze kitap giň okyjylar köpçüliginde, şol sanda daşary ýurtly okyjylarda gyzyklanma döretdi.

        Çykyş edenler täze kitabyň elimize gowşan günündäki taryhy wakanyň — Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň ähmiýetine dykgat çekip, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Arkadag şäheriniň bina edilmeginiň durmuş maksatly syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändigine şaýatdygyny bellediler. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň ýokary depgindäki durnukly ösüşini üpjün edýär. Bu şäher öz biotehniki we biotehnologik häsiýeti boýunça tapawutlanýan täze ölçeglere esaslanýan «akylly» şäheriň ajaýyp nusgasydyr. «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly kitaby ele alyp okajak her bir okyjy bu hakykata aýdyň göz ýetirer.


Ogulgurban ÇARYGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000