Söwda

Söwda
60 gün 15 sagat öň
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň täzelikleri

2-nji iýulda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Nikaragua Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daniela Garsia Silwanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi. Şunda okgunly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzyň baý mümkinçilikleri barada ilçä giňişleýin gürrüň berildi. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryna aýratyn üns çekildi.

Taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolan söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin özara tagallalary durmuşa geçirmegi dowam etmegiň möhümdigini bellediler.

2-nji iýulda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzda saparda bolýan Hytaý-Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýerli ykdysady we söwda hyzmatdaşlyk görkeziş zolagynyň dolandyryş komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklara guramanyň degişli komitetiniň ýolbaşçylary, Hytaýyň Şandun sebitiniň kompaniýalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa, hususy düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyklarda ýurdumyzyň döwlet we hususy edara-kärhanalary bilen Hytaýyň demir ýol, biotehnologiýalar, oba hojalyk önümleri, elektrik enjamlary hem-de söwda kompaniýalarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen söwda, ulag-logistika gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek duşuşyklaryň aýratyn mazmunyny düzdi.

Özara işewürlik duşuşyklarynda iki ýurduň degişli döwlet we hususy edara-kärhanalarynyň wekilleri özara bähbitli hyzmatdaşlygy giň ugurlarda ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat

edarasynyň Metbugat gullugy.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000