Söwda

Söwda
245 gün 2 sagat öň
2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard amerikan dollaryna golaýlady

2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 1 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.

Habarda bellenilişine görä, 2023-nji ýylyň 10 aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksportynyň jemi bahasy 795,5 million amerikan dollaryna deň bolupdyr. Degişli döwürde Türkmenistan harytlaryň we hyzmatlaryň jemi 143,6 million amerikan dollaryna deň möçberini Özbegistandan import edipdir. Şeýlelikde, 10 aýyň jemleri boýunça iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 939,1 million amerikan dollaryna deň bolup, Türkmenistan goňşy ýurduň iň esasy daşary söwda dolanyşygynda altynjy orundan ýer alypdyr. Aýratynlykda bolsa Türkmenistan Özbegistanyň importynda ýedinji, eksportynda bolsa on ikinji ýerde ornaşypdyr.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 10 aýynda Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 50 milliard 973 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Şonuň 20 milliard 470 milliony eksportyň, 30 milliard 503 milliony bolsa importyň paýyna düşýär.

Toýly MYRATGELDIÝEW,

TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby. 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000