Söwda

Söwda
165 gün 22 sagat öň
Bitkoiniň bahasy 12 aýyň içinde ozalky rekordy täzelär

«Finder» seljerme merkezi tarapyndan kriptowalýuta bilen meşgullanýan abraýly ýolbaşçylaryň 40-synyň arasynda geçirilen pikir soraşmasy olaryň bitkoiniň bahasynyň 2030-njy ýyla çenli ýokarlamagyny dowam etdirjekdigini çaklaýandyklaryny ýüze çykardy.

Has takygy, aglaba ýolbaşçylaryň çaklamalaryna görä, 2024-nji ýylyň ahyrynda bitkoiniň bahasy 77 müň 423 amerikan dollaryna çenli gymmatlar. Pikirini aýdanlaryň käbiri ýylyň ahyryna çenli bitkoiniň bahasynyň 80 — 90 müň amerikan dollaryna çenli ýokarlanjakdygyny çaklan bolsalar, käbir hünärmenler ýylyň ahyrynda iň pes bahanyň 35 — 40 müň amerikan dollaryndan pese gaçmajakdygyny nygtaýarlar.

Pikir soraşma gatnaşan ýolbaşçylaryň 78 göterimi ýakyn 12 aýyň içinde bitkoiniň bahasynyň ozalky rekorddan (69 müň amerikan dollary) ýokary geçjekdigine ynam bildirdi.

 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000