Bu barada Täjigistanyň ulag ministri Azim Ibrohim 24-nji iýulda geçirilen metbugat brifinginde mälim etdi. Ministriň aýtmagyna görä, ýurduň demir ýol parkynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak üçin 1000 sany wagon we ýene 2-3 sany lokomotiw satyn almak zerur. Ol munuň sebäbini ýurduň demir ýol edarasynyň ygtyýaryndaky lokomotiwleriň, ýük we ýolagçy wagonlarynyň könelendigi bilen düşündirdi.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Täjigistanyň demir ýol edarasynyň düzüminde ýük wagonlarynyň 1 müň 471 sanysy, ýolagçy wagonlarynyň 300 sanysy hem-de 44 sany lokomotiw bar.
Taýýarlan: Şadyýan AŞYRALYÝEW, TDMG-niň harby gullukçysy, maýor.
biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792
Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000
© Ähli hukuklar goralan.