Sport

Sport
215 gün 15 sagat öň
2023: futbol klublary rekord derejede pul sarp etdiler

Ýylyň dowamynda serhedara 74836 sany transferiň geçirilendigi bellenilýär. Bu transferleriň, takmynan, 23689-sy (31,7 göterim) professionallar (erkekler we zenanlar klublary) tarapyndan amala aşyryldy, galan 51147 transfer (68,3 göterim) bolsa höwesjeňlere degişlidir.

Futbol klublarynyň transferlere sarp eden umumy çykdajylary 9,63 milliard dollara ýetdi, bu 2022-nji ýyldakydan 48,1 göterim köpdür. 2023-nji ýyldaky görkeziji 2019-njy ýylda goýlan öňki rekorddan (7,35 milliard dollar) 2 milliard dollardan hem köpdür.

Esasy 10 transferiň umumy bahasy sarp edilen ähli puluň 10 göterimden gowragyny emele getirýär. Pul tölenen 3279 transferden iň iri 100 transferiň umumy bahasy jemi çykdajylaryň 45 göterimden gowragyny düzýär. Angliýanyň klublary 2,96 milliard dollar bilen sanawda birinji orunda durýar.

Nemes klublary oýunçy satmakdan gazanylan girdejileriň sanawynda birinji orunda durýar, olar 1,2 milliard dollardan gowrak girdeji gazandylar. 2022-nji ýylda bolşy ýaly, Portugaliýanyň klublary beýleki döwletlere garanyňda, has köp oýunçy satyn aldylar (1017). Braziliýanyň klublary, tersine, köp oýunçy satdylar (1217).

2023-nji ýylda jemi 1024 klub halkara transferlerine pul harçlady. Taryhda ilkinji gezek 1000-den gowrak topar daşary ýurtlardan futbolçy transfer etdi. Transfer töleglerini alýan klublaryň sany 1241-e ýetdi, bu täze rekorddyr.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000