Sport

Sport
60 gün 14 sagat öň
Ýannik Sinner möwsümdäki ýeňişleriniň sany boýunça birinji orna geçdi

Dünýäniň birinji raketkasy italiýaly Ýannik Sinner 2024-nji ýylda ATP ýaryşlarynda gazanan ýeňişleri boýunça birinji orna geçdi. «Uimbldon» «uly tuwulgasynyň» üçünji aýlawynda Miomir Kesmanowiçiň üstünden 6:1, 6:4, 6:2 hasabynda gazanylan ýeňiş italiýaly tennisçi üçin möwsümdäki kyrk birinjisi boldy. Şeýlelikde, ol şu möwsümde 40 gezek garşydaşlaryndan üstün çykan Kasper Ruuddan öňe geçdi.

Ýeri gelende bellesek, Ýannik Sinner şu möwsümde «Uimbldondan» öň 8 sany ýaryşa gatnaşyp, şolaryň 4-sinde çempion bolmagy başardy. Ol möwsümiň ilkinji «uly tuwulgasy» bolan «Awstraliýa açyk» turnirinde hem ýeňşini baýram etdi.

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000