Sport

Sport
165 gün 23 sagat öň
Mingazow we Messi bir suratda

Gonkongyň «Kitçi» toparynyň türkmenistanly ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynyň ýyldyzlarynyň «Inter Maýami» topary bilen bolan ýoldaşlyk duşuşygyndan soňra dünýä çempiony, argentinaly ýyldyz Lionell Messi bilen bilelikde düşen suratyny paýlaşdy.

Ýeri gelende ýatlatsak, duşuşyk 4-nji fewralda Gonkongda geçirildi. Messi tutuş oýna ätiýaçlyk oturgyjynda tomaşa etdi we meýdança çykmady. Mingazow bolsa oýnuň birinji ýarymynda oýnap, arakesmede çalşyryldy. Oýun «Inter Maýami» toparynyň 4:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000