Sport

Sport
60 gün 15 sagat öň
Kroos futboly, Ronaldu bolsa Ýewro-2024-i terk etdi

Ispaniýanyň milli ýygyndysy Ýewro-2024-iň çärýek finalynda ýer eýesi Germaniýany ýaryşdan çykardy. Oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. Duşuşygyň 51-nji minutynda Dani Olmonyň goly Ispaniýany hasapda öňe çykaran bolsa, Florian Wirziň 89-njy minutdaky dürs urgusy ýer eýelerini esasy wagtda ýeňlişe sezewar bolmakdan halas etdi. Oýnuň goşmaça wagty hem diýseň dartgynly geçdi. Goşmaça wagtda, has takygy, 106-njy minutynda Ispaniýanyň goragçysy Mark Kukurelýa öz jerime meýdançasynyň içinde Germaniýanyň ýarymgoragçysy Jamal Musialanyň derwezä depen urgusyny eli bilen gaýtardy, emma angliýaly emin Entoni Teýlor şol pursatda Germaniýanyň peýdasyna 11 metrlik jerime urgusyny bermekden saklandy. 119-njy minutda Mikel Merinonyň kellesi bilen geçiren goly Germaniýany ýaryşdan çykardy.

Bu gapma-garşylyk barada ýene bir bellenilmeli zat, duşuşyk Germaniýanyň ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Toni Kroosyň karýerasyndaky ahyrky oýun boldy. Ol heniz ýaryş başlanmanka, Ýewro-2024-den soňra futbolçulyk karýerasyny tamamlajakdygyny mälim edipdi.

Şol gün geçirilen ikinji oýunda Fransiýanyň ýygyndysy Portugaliýa bilen güýç synanyşdy. Oýnuň esasy we goşmaça wagtynda hasap açylmady. Netijede, toparlar ýeňijini oýundan soňky 11 metrlik urgular arkaly kesgitlediler. Futbol lotoreýasynda Portugaliýanyň hüjümçisi Žoau Feliksiň 11 metrlik nokatdan depen topy derwezäniň sütünine degdi. Şeýlelikde, Fransiýa oýundan soňky 11 metrlik urgularda 5:3 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ýarym finalda Ispaniýanyň hem-de Fransiýanyň milli ýygyndylary duşuşarlar. Olaryň arasyndaky oýun 9-njy iýulda Aşgabat wagty bilen 23:55-de başlanar.

Şeýle-de geçen hepdäniň şenbe güni hem çärýek finalyň ýene iki oýny geçirildi. Günüň birinji oýnunda Angliýanyň ýygyndysy Şweýsariýa bilen güýç synanyşdy. Oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Şweýsariýanyň goly Brel Embolo (75), Angliýanyň goly bolsa Bukaýo Saka (80) tarapyndan derwezä gönükdirildi. Goşmaça wagtda hem hasap özgermänsoň, ýeňiji 11 metrlik urgularda kesgitlenildi. Futbol lotoreýasynda iňlisleriň derwezeçisi Pikford Şweýsariýanyň goragçysy Manuel Akanjiniň urgusyny gaýtarmagy başardy we Angliýa 5:3 hasabynda ýeňiş gazanyp, ýarym finala çykdy.

Günüň ikinji gapma-garşylygynda Niderlandlar Türkiýäni 2:1 hasabynda utup, ýarym finala ýollanma aldylar. Niderlandlara ýeňiş getiren gollar Stefan De Wreýiň (70) hem-de Mert Müldüriň (76, öz derwezesine) atlaryna ýazyldy. Türkiýäniň düzüminde bolsa Samet Akaýdyn (35) tapawutlandy.

Şeýlelikde, Angliýanyň hem-de Niderlandlaryň ýygyndylary ýarym finalda özara güýç synanyşarlar. Olaryň arasyndaky oýun 10-njy iýulda Aşgabat wagty bilen 23:55-de başlanar. 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000