Sport

Sport
75 gün 16 sagat öň
Döwletjan Ýagşymyradow «PFL-iň» Gran-pri turniriniň ýarym finalyna çykdy

Aşgabat wagty bilen 22-nji iýunda daňdan ABŞ-nyň Ýuta ştatynyň Solt-Leýk-Siti şäherinde «PFL 5» turniri geçirildi. Onda türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow kamerunly Simon Biýong bilen tutluşdy.

Tutluşyk doly üç raund dowam edip, eminler biragyzdan (30-27, 30-27, 30-27) Döwletjan Ýagşymyradowyň ýeňşini ykrar etdiler. Bu ýeňiş arkaly ildeşimiz ýarym agyr agramda «PFL-iň» Gran-pri turniriniň ýarym final tapgyryna ýollanma aldy.

Ýeri gelende bellesek, Döwletjan Ýagşymyradowyň «PFL-iň» Gran-pri turniriniň ýarym final tapgyryndaky garşydaşy awstraliýaly Rom Uilkinson bolar. Ol 22-nji iýundaky «PFL 5» turniriniň çäginde eminleriň karary esasynda Joş Silweýrany ýeňlişe sezewar etdi.

Maglumat üçin, häzirki wagtda Döwletjanyň hasabynda 23 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňlik bar. Onuň indiki garşydaşy bolsa jemi 21 tutluşyk geçirip, şolaryň 19-synda ýeňiş gazanypdyr (10-sy nokaut bilen) hem-de 2 gezek ýeňlişe sezewar bolupdyr.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000