Jemgyýet

Jemgyýet
244 gün 22 sagat öň
Diýarymyzyň dünýädäki binagärlik özboluşlylygy barha ýokarlanýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen Kararlar taýýarlanyldy. Şol Kararlar bolsa Arkadag şäherini ekologik taýdan arassa, dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak wezipelerinden ybaratdyr.

    Ýurdumyzyň dünýäde iň bir ösen ýurtlarynyň hataryndaky abraýyny has-da artdyrýan Arkadag şäheri nowjuwan gözelligi bilen «akylly şäher» düşünjesi mekdeplerde, kitaphanalarda, transportda, hassahanalarda, elektrik stansiýalarynda, şäher aragatnaşyk ulgamlarynda, hukuk goraýjy edaralarda hem-de beýleki jemgyýetçilik hyzmatlarynda şäher emläklerini dolandyrmak üçin maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň (IKT) birleşmegini aňladýar. «Akylly şäherde» ýaşaýjylara hyzmat etmegiň netijeliligini hem-de şäher infrastrukturasy bilen gönüden-göni gatnaşygyny ýokarlandyrmak üçin ösen

tehnologiýa ulanylýar.

Berkarar döwletiň ösüşiniň ähli ugurlaryndaky ýurdumyzda binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly

ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrylýan işler Milli Liderimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hut şonuň

üçin-de, Ahal welaýatynyň etraplarynyň, şäherleriniň ýaşaýjylary bilen geçirilen köp sanly duşuşyklarda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýan raýatlardan gelip gowuşýan ýüztutmalarda mizemez türkmen döwletiniň berkarar bolmagynda mähriban Arkadagymyzyň durmuşa geçiren beýik işlerine belent sarpa, uly buýsanç hem-de tüýs ýürekden çykýan hormat duýgulary gaýnap-joşup dur.

Bu günki gün gülläp ösýän Watanymyzyň binýadynda Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň da­şa­ry­ sy­ýa­sy ­stra­tegi­ýa­sy­nda­ «Dia­log­ —­ pa­ra­hat­çy­ly­gyň­ ke­pi­li»­ di­ýen­ fi­lo­so­fi­ýa­synyň esas bolup durýandygy aýratyn buýsandyryjydyr.

Sahy MÄMIÝEW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.

23.11.2023


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000