Sport

Sport
496 gün 7 sagat öň
Sport we bedenterbiýe ýaşlaryň endigine öwrülýär

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda badalga berlen «Sagdyn durmuş ýörelgesi — bagtly geljegiň binýady» atly sport hepdeligi ýokary ruhubelentlikde dowam edýär. Sport we bedenterbiýe çäreleri, ýaryşlar köpçülikleýin ýaýbaňlandyrylýar. Olara talyp ýaşlar uly höwes bilen gatnaşýarlar.

Ýaryşlar sportuň dürli görnüşleri boýunça guralyp, oýunlaryň dowamynda türgenler çalasyn we ynamly hereketleri bilen sport ussatlyklaryny görkezýärler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň üçin iň zerur, iň ajaýyp ýol — halkymyzy baky bagta ýetirýän ýoldur. Sport, sagdynlygam şol ýola ýetmegiň iňňän möhüm ugrudyr» diýýän sözlerini ýörelge edinýän talyp ýaşlar ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanýarlar.

Hormatly Prezidentimiz özüniň çykyşlarynda ýaşlaryň arasynda sport ýaryşlarynyň guralmagynyň, sport bilen yzygiderli meşgullanmaklarynyň möhümdigini nygtap, bu işleriň sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmagyň baş şertidigini belläp geçýär. Şu nukdaýnazardan, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi.

Sport hepdeliginiň dowamynda geçirilýän ýaryşlarda sport bilen çynlakaý meşgullanýan ýaşlaryň az däldigini bilmek bolýar. Olar bedenterbiýäni we sporty öz endiklerine öwürýärler. Munuň özi talyp ýaşlaryň diňe bir beden taýdan berkemegine däl-de, eýsem, öz erk-isleglerini pugtalandyrmaga, islendik çylşyrymly ýagdaýlary ýeňip geçmäge, erjel we tutanýerli bolmaga, ylym-bilimini has-da kämilleşdirmegine ýardam berýär.


Selbi HOJALYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000