Jemgyýet

Jemgyýet
749 gün 18 sagat öň
Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Istärin» filminiň görkezilişi bolar

Ertir paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän «Aşgabat» kinoteatrynda «Istärin» atly filmiň ilkinji görkezilişi bolar. Akyldar şahyr, filosof Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýän bu film Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň ussat hünärmenleri tarapyndan surata düşürildi.

Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly üns berilýär. 2024-nji ýylda akyldar şahyryň 300 ýyllyk ýubileýini bellemäge taýýarlyk görülýär. «Istärin» filmi hem Magtymgulynyň baý döredijilik mirasyny wagyz etmäge ýene bir goşant bolar.

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000