Jemgyýet

Jemgyýet
390 gün 4 sagat öň
Parahatçylygyň ýaş çaparlary talyp adyna eýe boldular

Garward uniwersitetiniň şeýleräk şygary bar: «Okamak wagt sarp etmek däldir, tersine hereketdir». Hawa, hereket ruhy, beden taýdan sagdyn şahsyýet bolup ýetişmegiňe itergi berýär. Eýsem, jemgyýetde öz ornuňy tapmagyň düýp özeni hem şundan gaýtmaýarmy näme?!

Maksadyň anyk bolanynda, oňa ýetmek aňsat bolýar. Parahatçylygyň ýaş çaparlary hem maksatlaryny diňe bir ugra — dünýä ýüzüne parahatçylygy ýaýmaga gönükdirdiler. Şeýdibem, jebisleşdiler, dostlaşdylar. Gürrüňimiz Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guraýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi barada gidýär. Bu bäsleşik mekdep okuwçylary üçin ýatdan çykmajak synag boldy. Olar «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşigi arkaly türkmen diplomatiýasynyň parahatçylyk sungatynyň siwilizasion ýörelgelerini, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara gatnaşyklaryny, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserlerini ürç edip öwrendiler. Ine, şularyň hemmesi ýaş çaparlara giriş synaglaryndan üstünlikli geçmäge uly ýardam berdi.

Şahyr Kakamyrat Rejebow aýtmyşlaýyn:

Sizi garşy alar üýtgeşik dünýä,

Galkynar taýyndan tazygan ykbal.

Bizi şu ahwala ýetirmek üçin,

Ynha, bir gün geler,

geler ol hökman...

Hawa, ýaş çaparlaryň ykbalynda şol gün geldi, özi-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda. Şol arzyly gün ýaş çaparlary türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň gapysyna eginlerindäki «Talyp 2023» ýazgysy bilen bilelikde getirdi.


***


Dawut GEZEROW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady

gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby:

— Ýurdumyzda ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen, birnäçe bäsleşikler geçirilýär. Maňa hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşyp, özümi synap görmek bagty miýesser etdi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden zehinli okuwçylaryň 300-den gowragy gatnaşyp, sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly test synagyny tabşyrdylar. Şolardan iň ýokary netije görkezen zehinli okuwçylaryň 64-si «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsümine gatnaşmaga hukuk gazandylar. Men hem bu bäsleşigiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynda we II ýarym final oýnunda ýeňiji bolup, bu bäsleşigiň final oýnuna gatnaşmaga hukuk gazandym. 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda geçirilen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnunda 2-nji orna mynasyp boldum.

Ine, bu gün bolsa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, talyp adyna mynasyp boldum.

Biz — ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!


Mähri GUZYÇYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady

gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby:

— Men Gahryman Arkadagymyzyň ýörite Karary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşdym. Şeýle-de 2023-nji ýylda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda iňlis dili dersinden 2-nji orna mynasyp boldum. Ine, şu bäsleşiklere gatnaşmagym meniň ähli babatda kämilleşmegime uly itergi boldy.

Ak mekdebi tamamlanyňdan soň, ilkinji arzuwlaryň biri-de okuwyňy dowam etdirmek — talyp bolmak. Meniňem bu arzuwym Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hasyl boldy. Men Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bagtyýar talyby boldum.

Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze, döwrebap hünär ugurlaryny kesgitlemek baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, täze okuw ýylynda hünärleriň ençemesiniň açylandygyny aýtmak has-da guwandyryjydyr.

Watanyň geljekki ykbalyny biz — ýaşlara ynanýan Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz okamaga, öwrenmäge ähli şertleri döredip berýär. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

 

Döwletmyrat ARAZOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara

ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby:

— Men ýurdumyzda döwlet derejesinde geçirilýän birnäçe bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukyp-başarnygymy synap gördüm. Has dogrusy, 2023-nji ýylda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň şäher tapgyrynda taryh dersi boýunça 3-nji orna, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşyp, 2-nji orna mynasyp boldum. Mundan başga-da, Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijisi bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi.

«Yhlasa — myrat» diýlişi ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly meniň durmuşymda ähli yhlasymyň ýerine düşüp, maksatlarymyň hasyl bolan ýyly boldy. Men Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby boldum.

Şu ajaýyp pursatda men hem saýlap alan ugrum boýunça ussat hünärmen bolup ýetişip, ýurdumyzyň ösüşine öz mynasyp goşandymy goşjakdygyma ynandyrýaryn.

 

Ýazga geçiren: Jahantäç ÖWEZOWA,

TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň

halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby, «Biznes reklama».


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000