Jemgyýet

Jemgyýet
312 gün 22 sagat öň
Galkynan köňülleriň kelamy

Göwünleri arşa göterilen ykballaryň bagtyýar zamanasynda bu günki gün taryha altyn harplar bilen ýazyljak şanly seneleriň şaýady bolmak ýüregiňde buýsanç duýgularyňy goşalandyrýar.

Ynha, bu ýyl ençeme kalplara bagtyň nury bolup dolan günleriň biri-de Bilimler we talyp ýaşlar güni boldy. Şol gün hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda birbada ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasynyň hem-de beýleki desgalarynyň düýbüniň tutulmagyna ak pata bermegi biz — bilim işgärleriniň göwün guşumyza ganat baglady.

Ýurdumyzyň binagärlik-gurluşyk pudagy Diýarymyzyň bedew batly ösüşleriniň, täsin özgerişlikleriniň aýnasy mysalydyr. Muny Aziýanyň merjeni hasaplanylýan ak mermerli paýtagtymyzyň keşbinde-de aýdyň görmek bolýar. Ýurdumyzyň binagärlik gurluşynyň özboluşlylygy, milliligi, özüne çekijiligi, iň esasysy-da, ak mermerden gurlan ymaratlary bu günki gün dünýäniň dilinde. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda binagärlik-gurluşyk ulgamynda ýokary bilimli, ussat, tejribeli hünärmenleri taýýarlamak hem esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Paýtagtymyzda 5 müň talybyň bilim almagy üçin niýetlenen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň düýbüniň tutulmagy iň bir buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Şol gün hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda: «Gurluşykçy, binagär ýaşlarymyz berkarar Watanymyzyň çar künjeginde beýik binalary, köprüleri, ýollary gurýarlar. Olar ak arzuwlar bilen ýurdumyzy has gözel görnüşe getirýärler. Şoňa görä-de, binagärlik-gurluşyk boýunça hünärleri kämilleşdirmek möhüm bolup durýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ençeme etraplar, şäherçeler, şäherler guruldy. Gurluşyk önümçiligi boýunça täze, döwrebap kärhanalar döredildi. Bu işler häzir hem üstünlikli dowam etdirilýär. Bularyň ählisi biziň ykdysady kuwwatymyzy, depginli ösüşimizi aýdyň görkezýär» diýip belledi.

Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, institutymyzda 29 hünär ugry boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Ösen döwre laýyklykda, institutymyzda içki tor döredildi, onuň binýadynda sanly bilim portaly hereket edýär hem-de onuň mazmuny yzygiderli täzelenilýär. Ýokary okuw mekdebimiziň okuw işine elektron resminama dolanyşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy mugallymlardyr talyplaryň ylym-bilim tejribesiniň has-da baýlaşmagyna itergi berdi.

Ýeri gelende, gurluşyk we senagat toplumy üçin zerur bolan hünärmenleriň hünär-bilim derejesini ýokarlandyrmak maksadyndan ugur alnyp, institutymyzyň hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetinde hem bilim berilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle-de bilelikde ylmy-barlag, taslama, tejribe-konstruktorçylyk işlerini geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ylmy-barlag edaralarynda institutyň binýatlyk kafedralary iş alyp barýarlar.

Ýokary okuw mekdebimize degişli ylalaşyklaryň hem-de ähtnamalaryň esasynda Russiýa Federasiýasy, Rumyniýa, Belarus Respublikasy, Germaniýa, Italiýa, Hindistan ýaly ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdepleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär.

Nesip bolsa, institutymyzyň täze binalar toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi binagärlik-gurluşyk pudagynda zähmet çekjek dünýä derejesinde kämil bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, ýurdumyzyň hem-de dünýä ylmynyň, maglumat tehnologiýalarynyň ýokary gazananlaryny işjeň peýdalanmaga, ylmy-barlag işlerini has-da giňeltmäge mümkinçilik berer.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek ugrundaky dünýä ähmiýetli başlangyçlary kämil bilimli, düýpli tejribeli, ussat ýaşlary kemala getirmek babatdaky tagallalarynyň bimöçberdiginiň subutnamasydyr.

Ýurdumyzy dünýä derejesinde ösdürmek, has-da özgertmek ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary rowaç alsyn!

Gaýypnazar BALLYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000