Jemgyýet

Jemgyýet
312 gün 23 sagat öň
Buýsançly kalplaryň sedasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim pudagyny has-da ösdürmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji sentýabry hem bilim pudagynyň işgärleri üçin ýatdan çykmajak bagtly günleriň biri boldy. Şol gün hormatly Prezidentimiziň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň düýbüniň tutulmagyna ak pata bermegi binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarydyr talyplary üçin iň bir tolgundyryjy pursatlara öwrülip, kalbymyzyň buýsanç duýgularyny goşalandyrdy.

Bu günki gün ýurdumyzyň binagärlik-gurluşyk aýratynlygy bütin dünýäni haýrana goýýar. Muny dünýä şäherleriniň arasynda paýtagtymyz Aşgabadyň öz gözelligi, nuranalygy bilen taryha girmegi-de dolulygyna tassyklaýar. Aşgabat öz nurana görki bilen Türkmenistany dünýä ýüzünde şöhratlandyrýar. Paýtagtymyzyň binagärlik gurluşyk-arhitekturasynyň özboluşlylygynyň dünýäniň nusgalyk derejesi hökmünde ykrar edilendigini ýatlamak has-da buýsandyryjydyr.

Ýurdumyzda şäher ilatynyň, obalardyr etraplaryň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň oňaýly ýaşamagy, önjeýli zähmet çekmegi üçin amatly daşky gurşawy we şertleri döretmek, göwnejaý dynç almak hem-de boş wagtyňy peýdaly geçirmek ýaly şertleri döretmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Türkmenistan binagärlik ulgamynda daşary ýurtly kompaniýalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Olar bu pudaga dürli desgalaryň taslamalaryny, şäherde ýaşamagyň has amatly şertlerini üpjün etmek hem-de gurluşyk, suw üpjünçiligi, yşyklandyrmak, ýollary gurmak, işjeň dynç alşy guramak we beýleki ugurlary goşmak bilen, şäher hojalygyny dolandyrmak bilen baglanyşykly öňdebaryjy işläp taýýarlamalary hem-de tehnologiýalary ornaşdyrmakda uly goşant goşýarlar.

Nesip bolsa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi Diýarymyzyň binagärlik-gurluşyk ulgamyny has-da ösdürmekde, kämilleşdirmekde tejribeli, giň dünýägaraýyşly, öz işine ezber, kämil bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda giň mümkinçilikleri döreder.

Watanymyzy bedew bagtly ösüşleriň täze belentliklerine sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli döwletli başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!

Döwletgeldi ÇARWAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000