Jemgyýet

Jemgyýet
305 gün 21 sagat öň
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde ministrligiň ilkinji demokratik partiýa guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň müdirliginiň, Polisiýanyň Ýol gözegçiligi müdirliginiň guramagynda zähmet düzgün-tertibini berkitmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji demokratik partiýa guramasynyň başlygy G.Rejepow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly wezipeleri, ykdysady özgertmeleri, ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirmek, agzybirligimizi, jebisligimizi, asudalygymyzy berkitmek barada giňişleýin gürrüň berdi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji Demokratik Partiýa guramasy hem hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek üçin tassyklanan meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti, şeýle-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarda düzgün-tertibi berkitmek, dükanlarda we bazarlarda söwda kadalarynyň berjaý edilişine, ilata söwda hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek barada söwda kärhanalarynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýär diýip belläp geçdi.

Soňra Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory B.Berkeliýew Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň neşe serişdeleriniň we seri dumanladyjy maddalaryň garşysyna gutarnykly göreş alyp barmak barada tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda häli-şindi wagyz-nesihat işleriniň geçirilýändigini nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçiligi müdirliginiň bölüminiň wekili, polisiýanyň maýory J.Pygyýew çykyş etdi. Ol: «Ýol hereketiniň howpsuzlygy barada» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, ýurdumyzda ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, agyr ýol-ulag hadysalarynda bolýan heläkçilikleriň öňüni almak we olary düýpli azaltmak üçin ýol ulagyny hereketlendirýän wagtymyzda, pyýada hereket edýän wagtymyzda ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmelidiris, ýol hereketine gatnaşyjylaryň serhoş ýagdaýynda awtoulaglary dolandyrmaklary, pyýadalaryň niýetlenilmedik ýerlerden geçmekligi ýol hadysasynyň heläkçilikli ýagdaýlaryna getirýär» diýip belläp geçdi.

Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça 2023-nji ýylyň 1 – 30-njy sentýabry aralygynda meýilnama laýyklykda birnäçe çäreler geçirilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň kararlary esasynda düzgün bozmalara garşy dürli jerimeler we çäklendirmeler güýçlendirildi. Biz muňa garamazdan, hemmämiz bilelikde ýol hereketiniň howpsuzlygyna öz goşandymyzy goşmalydyrys diýip, ýerlikli belledi.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda düzgün tertibi berkitmek barada wideo şekil (rolik) görkezildi. Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Şeýle duşuşyklar Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky beýleki edara-kärhanalarda hem geçirildi.

Roza RAHYMOWA,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň

Aşgabat şäher komitetiniň jogapkär işgäri.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000