Jemgyýet

Jemgyýet
243 gün 6 sagat öň
«Interbrand» dünýäniň 100 sany iň gymmat brendini yglan etdi

Bu sanawyň başyny bu ýyl hem «Apple», «Microsoft» we «Amazon» çekýär.

«Best Global Brands 2023»-iň sanawyndan orun alan brendleriň

umumy bahasy 3,3 trillion amerikan dollary möçberinde boldy.

«Interbrand» konsalting kompaniýasynyň seljermesi boýunça «Apple» eýýäm bassyr 11 ýyllap dünýäniň iň gymmat brendleriniň sanawynyň başyny çekýär. «Apple» bir ýylyň içinde 4 göterim ösüş gazanyp, brendiň bahasy rekord derejä, ýagny 502,7 milliard amerikan dollaryna ýetdi.

Sanawyň ikinji ornunda 14 göterim ýyllyk ösüşi bilen, bahasy 316,7 milliard amerikan dollaryna ýeten «Microsoft» kompaniýasy bar.

«Amazon» kompaniýasy geçen ýyldan bäri öz gymmatyny 1 göterim artdyryp, 276,9 milliard amerikan dollaryna ýetdi we dünýäniň iň gymmat brendleriniň üçünjisi boldy.

Brendleriň bahasy birnäçe ýyllap

dowam eden ösüşden soň durgunlaşýar

«Best Global Brands 2023»-iň sanawyna giren brendler öz bahalaryny umumylykda 5,7 göterim ýokarlandyryp, 3,3 trillion amerikan dollary möçberindäki gymmaty emele getirdiler. Deňeşdirip görsek, geçen ýyl, öňki ýyla garanyňda, 16 göterim ösüş bellige alnypdy.

«Interbrand» sanawynyň öňdäki 10-lugyna ýokarky üç brendden başga-da, «Google», «Samsung», «Toyota», «Mercedes», «Coca-Cola», «Nike» we «BMW» brendleri giripdir. «Interbrand» konsalting kompaniýasynyň seljermesi boýunça saýlanan 100 brendiň soňky 5-ligi «Johnson&Johnson» (6,4 mlrd), «Sephora» (6,3 mlrd), «Nespresso» (6,2 mlrd), «Heineken» (6,1 mlrd) we «Canon» (6 mlrd) kompaniýalarydyr.

«Airbnb», «BMW» we «Microsoft»

iň gowy ösüş görkezen brendler

«Interbrand» konsalting kompaniýasynyň saýlaýan 100 brendine geçen ýyl girendigine garamazdan, «Airbnb» (+21,8 göterim) gowy ösüş görkezipdir. Bir ýylda bahasyny ýokarlandyran brendleriň ilkinji 10-lugyna şu ýyl täze goşulan brend «BMW» boldy.

Dünýäniň iň gymmat awtoulag brendleri

«Toyota» iki ýyl bäri awtoöndürjileriň arasynda dünýäniň iň gymmat brendi bolup gelýär. «Toyota» bu sanawda 64,5 milliard ameri­kan dollary bilen 6-njy ýeri eýeledi. «Mercedes Benz» 61,4 milliard amerikan dollary möçberinde bahalanyp, sanawyň 7-nji ýerine düşdi. «BMW» brendiniň bahasy 51,1 milliard dollar bolup, 10-njy ýerde ornaşypdyr.

«Tesla» 49,9 milliard amerikan dollar bahasy bilen sanawyň 12-nji ýerini eýeledi. Şeýle-de «Interbrand»-iň sanawyna awtoulag brendlerinden «Honda» (27-nji orun), «Hyundai» (32-nji orun), «Audi» (45-nji orun), «Porsche» (47-nji orun), «Volkswagen» (50-nji orun), «Ford» (51-nji orun), «Nissan» (63-nji orun), «Ferrari» (70-nji orun) we «Kia» (88-nji orun) girdi.

 

Taýýarlan: Maksat MUZAFFAROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000