Jemgyýet

Jemgyýet
242 gün 23 sagat öň
«Samsung» 49,9 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy

Koreýa Respublikasynyň «Samsung Electronics» elektronika kompaniýasynyň üçünji çärýekdäki arassa girdejisi 37,8 göterim peseldi. Şeýlelikde, kompaniýanyň arassa girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 milliard amerikan dollar (5,84 trillion won) azaldy. Kompaniýanyň öňki hasabatynda üçünji çärýekdäki arassa girdejisiniň 49,6 milliard amerikan dollary möçberinde (67 trillion won) boljakdygy çaklanypdy.

Hasabat döwründe kompaniýanyň girdejisi 12,2 göterim pese gaçyp, 49,9 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Paýnamalaryndan alan girdejisi bolsa 4,5 esse azalyp, 1,8 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.

«Samsung Electronics» kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy Seul biržasynda 0,3 göterim arzanlady. Muňa garamazdan, kompaniýa smartfon bazarynda islegiň gaýtadan artyp, girdejisiniň ýokarlanjakdygyna bil baglaýar.

 

Taýýarlan: Göwher ALLABERENOWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeniýeti öwreniş kafedrasynyň müdiri.

                 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000