Jemgyýet

Jemgyýet
242 gün 23 sagat öň
Ýel we Gün energiýasy arkaly işleýän dünýäde ilkinji ýüzýän balykçylyk hojalygy

Hytaýyň ýel energiýasyny işläp taýýarlaýan öňdebaryjy «Longyuan» kompaniýasy bilen «Shanghai Electric» turbina öndüriji kompaniýasy dünýäde ilkinji ýüzýän ýel we Gün energiýasy bilen üpjün edilen balykçylyk hojalygyny işe goýberdi. Bu desga Hytaýyň Fuszýan welaýatynyň Nanri adasynyň golaýynda ýerleşýär.

«Longyuan» we «Shanghai Electric» kompaniýalary 2021-nji ýylda dünýädäki ilkinji akwa medeniýetli balykçylyk hojalygyny ýel we Gün energiýasy bilen üpjün edip, suwa goýbermegi meýilleşdirýändigini mälim edipdiler. Ýüzýän energiýa platformasy Hytaýyň milli energetika meýilnamalarynyň resmi bir bölegi bolup durýar.

Bu ýüzýän desga ýary suwuň içinde duran üç sany platformany, ýel turbinalaryny we merkezi böleginde balyklary köpeltmek we saklamak üçin niýetlenen altyburçly goragly zolagy özünde jemleýär.

«Bu täzelik ýel we Gün energetikasy pudagynda täze gözýetimleri açýar» diýip, hyzmatdaş kompaniýalaryň wekilleri belleýärler.

«Longyuan» häzirki wagta çenli dünýäde ornaşdyrylan iň kuwwatly ýel energetika desgalaryny taýýarlaýjy «China Energy Investment» korporasiýasynyň (CEIC) golçur kompaniýasy bolup durýar. Ol geljekde deňziň has çuň ýerlerinde işlemäge ukyply ýel energiýasy arkaly hereket etjek balykçylyk desgalaryny taýýarlamagy maksat edinýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan:

Merjen AŞYROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky

TMDDI-niň 2-nji ýyl talyby.

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000