Jemgyýet

Jemgyýet
241 gün 21 sagat öň
«Agro-Pak Türkmenistan - 2023» atly halkara sergi öz işine başlady

Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalary bilen tanyşdyrýan halkara sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň «Sofuar» kompaniýasy gurady.

Sergide Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Moldowanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň degişli pudaklarynyň kompaniýalarynyň önümleri we hyzmatlary tanyşdyrylýar.

Şeýle-de Gollandiýanyň, Russiýanyň we Eýranyň ýörite pawilýonlary gurnalyp, olarda azyk önümçiliginiň enjamlary, faplama önümleri we gaplama enjamlary, azyk önümleri we iýmit goşundylary, çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalary, däne saklaýyş we degirmen ulgamlary, ýyladyşhana, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlary, guşçulyk we maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar, oba hojalyk önümleri, tohumlar we dökünler, suwaryş ulgamlary boýunça önümler we hyzmatlar hödürlenýär.

 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000