Jemgyýet

Jemgyýet
241 gün 18 sagat öň
Ýurdumyzyň gözel binagärlik aýratynlygy has-da özgerýär

Paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurdumyz boýunça ulag-aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak meseleleriniň döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýandygyny aýratyn bellemek gerek. Çünki ähli döwürlerde oňat we ygtybarly ýollar okgunly durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolmagynda galýar.

     Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagy hem ýurdumyzyň binagärlik-gurluşyk ulgamyndaky ösüşlerini, özgerişliklerini dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda has-da artdyrdy.

   Ýurdumyzda bar bolan ýollaryň durkuny täzelemek hem-de täzelerini gurmak, awtoulag serişdeleriniň sanynyň artmagy bilen şertlendirilen häzirki zaman ulanyş talaplaryna doly kybap gelýän inženerçilik desgalaryny gurmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

         Soňky ýyllarda Aşgabatda gurlan ýollar we köprüler, estakadalar hem-de tonneller, ýerüsti we ýerasty geçelgeler awtoulaglaryň hem-de pyýadalaryň howpsuz hereket etmegine mümkinçilik döredip, esasy ýollara düşýän agramy peseltmäge, ýola gidýän wagty kemeltmäge şert döretdi.

       Bu gün parahatçylygyň dostlukly ýollary Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — Garaşsyz Türkmenistanyň üstünden geçýär. Halkymyzda «Gelen — döwlet» diýen ajaýyp pähim bar. Şeýle parasatly sözler türkmeniň döwletlilik ýörelgesine, mizemez däp-dessuryna öwrüldi.

     Paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar. Munuň özi daşary ýurtly myhmanlary we syýahatçylary mynasyp garşylamak, iri çäreleri geçirmek üçin ähli şertleri döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň myhmanhana işewürligi ulgamyna iň gowy tejribäni hem-de täze işläp düzmeleri çekmegiň zerurdygyny şertlendirýär.

Bilbil ALLAKULYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000